Bedew waspy

Türkmen atlarynyň we milli seýisçilik sungatynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan baý taryhy bardyr. Biziň ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda yhlas-zehin siňdirip, ýadawsyz zähmet çekip, sünnäläp, hakyky sungaty, gözellikde deňi-taýy bolmadyk, ynsan ýaly duýgur türkmen bedewleriniň täsin toplumyny döretdiler. Türkmen bedewleriniň owadanlygy, çydamlylygy, ýyndamlygy boýunça dünýäde deňi-taýy ýokdur.

Ahalteke bedewlerimiziň waspy nusgawy edebiýatymyzyň, halk döredijiligimiziň süňňüne siňipdir. Mätäji «Kä ýörir sen ýer bilen, kä howanyň guşy sen» diýse, Seýdi «Münende şaý bolsa tükel esbaby, tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» diýýär. At barada türkmen halk nakyllary paýhas eleginden geçirilipdir, halk arasynda ýaýrapdyr. «At — adamyň ganaty», «At dosty — ata dosty», «At saklamak döwlet», «Ertir tur — ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «Aw — uranyňky, at süreniňki», «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «Bedew at menzil keser», «Bedew jul içinde belli, göwher – kül içinde» ýaly nakyllar muňa aýdyň mysaldyr.

Ençeme asyr bäri türkmeniň adyny ähli yklymlara, ähli dillere meşhur eden milli gymmatlyklarymyzyň biri biziň bedewlerimizdir. Bedew gudrat bilen diňe türkmene berlipdir. Alymlaryň bellemeklerine görä, bedewlerimiziň adaty bolmadyk ajaýyp reňkleri we beden gurluşy türkmen sährasynyň tenekar howasyna we onda bitýän dermanlyk ösümliklerine baglylykda döreýär.

Gadymdan bäri türkmeniň toý gününde ýoldaşy, ýowuz günde syrdaşy bolan bedewlerimiz bu günki gün toýlarymyzyň bezegine, sagdyn durmuşyň nurana nyşanyna, ösüşlere barýan ýurdumyzyň belent depgininiň, onuň belent ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň aýdyň alamatyna, dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Her ýylyň aprel aýynda bellenilýän türkmen bedewiniň milli baýramynda at çapyşyklar, dürli bäsleşikler, amaly haşam sungatynyň sergileri giň gerimde geçirilýär.

Züleýha Şadyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok