Ata-babalarymyzyň daşky gurşawa sarpasy

Daşky gurşawy goramak häzirki wagtda tutuş adamzadyň derwaýys meselesi bolmak bilen islendik halkyň däp bolup gelýän medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Türkmenleriň ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda emele gelen ekologik dessurlarynyň netijesinde tebigat bilen gatnaşyklaryň deňagramlylygy döreýär. Ýer, suw, haýwanat we ösümlik dünýäsi türkmenler üçin irki döwürlerden bäri aýawly garalýan zatlar bolupdyrlar.

Türkmenler tarapyndan aýratyn arassa saklanylýan guýulary hapalamak iň uly günä hasap edilipdir. Eger guýa haýsydyr bir jandar, guş ýa-da gemrijiler düşäýse, onda dessine ähli suw sordurylypdyr, soňra guýynyň düýbüniň ýokarky gatlagy alnypdyr. Diňe şundan soň guýyny dolduran arassa suw ulanylmaga ýaramly hasap edilipdir. Guýulary gazmak mydama-da peýdaly we hudaýyň halaýan işi hasap edilipdir. Guýy gazan adam hemmeleriň hormatyna we sarpasyna mynasyp bolupdyr.

Biziň ata-babalarymyz ösümlik dünýäsine aýratyn aýawly çemeleşipdirler. Agaç nahallaryny oturtmak we bag ýetişdirmek hökmany we adaty iş hasap edilipdir. Odun çöplenip alynýan wagty agaçlardan diňe guran şahalar döwlüp alnypdyr. Agaçlary çapmak diňe aýratyn zerurlyk ýüze çykanda we olaryň köklerine zeper ýetirilmezden rugsat edilipdir. Bir ýerde ýekelikde ösýän daragty çapmaklyk berk gadagan edilýär. Mundan daşary, ol keramatly hasap edilýär we aýratyn gudratly güýje eýedir. Keramatly daragtlaryň hataryna çynar, dagdan we güjüm girýärler. Miweli agaçlary olar diňe doly gurandan soň çapmaga rugsat edilipdir. Şeýle hem, olardan gap-gaç ýa-da hojalykda ulanylýan zatlary ýasamak gadagan edilipdir.

Gök – bakja önümlerine we esasan-da galla ekinlerine sylag-hormatly çemeleşmäge gönükdirilen ençeme öwüt-ündewler hereket edip gelipdir. Şeýle terbiýe çagalarda ahlak başlangyçlaryny kemala getiripdir. Adamyň çörege bolan gatnaşygy aýratyn derejede bolupdyr we onuň terbiýeliliginiň we edepliliginiň görkezijisi bolupdyr.

Haýwanat dünýäsini gorap saklamak käbir kadalar we seresaplylyklar bilen hem kadalaşdyrylypdyr. Haýwanlary hiç hili sebäpsiz ýok etmek uly günä hasaplanypdyr. Haýwanlary atmak diňe iýmite bolan zerurlyk bilen delillendirilip bilnipdir. Aw wagtynda bir bada ençeme haýwanlary atmak hem dogry hasap edilmändir. Etini iýip bolmaýan guşlary awlamak, olaryň höwürtgelerini tozdurmak, çagalaryny we ýumurtgalaryny almak gadagan edilipdir. Köp sanly ynançlar ençeme mör-möjekleri we ýylanlary ýok etmegi oňlamandyr. Ýylanlar, halk ynançlaryna görä, gudratly güýje eýe hasaplanypdyr we hormatyň aýratyn derejesi bilen gurşalyp alnypdyr.

Biziň ata-babalarymyz uzak ýyllaryň dowamynda belli bir çäklerde ýaşamak bilen we onuň tebigy ýer üst gatlaklarynyň aýratynlyklaryny hasaba alyp, tebigata hiç-hili zeper ýetirmezden, oňaýly-düşünjeli täsir etmegi öwrenipdirler. Bu bolsa adamyň tebigata täsiriniň ölçegi bolmak bilen ata-babalarymyzyň däp-dessurlarynda öz beýanyny tapan bu deňagramlylygyň aýalyp saklanmalydygyny we goramalydygyny alamatlandyrýar.

Röwşen ATAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok