Agaçlaryň beýikliginiň ýetip biljek belli bir çägi barmy?

Dünýädäki iň beýik agaç, Kaliforniýanyň Redwood milli seýilgähinde ýerleşýän serwi maşgalasyna degişli “Hyperion” agajydyr. Onuň uzynlygy 115,7 metre ýetýär.

Onda şeýle bolsa agajyň uzynlygyny kesgitleýän ýa-da çäklendirýän zat näme? Agajyň beýikligini kesgitleýän zatlaryň biri onuň eýeleýän faktory, iýmit çeşmeleriniň we suwuň köp bolan ýerlerinde ösýän agaçlaryň has täsirli bolmagydyr. Şeýle-de bolsa, agajyň iň ýokary beýikligini nämäniň kesgitleýändigi belli däl.

Alymlar käbir görnüşleriň daşyndaky gatlagyna ünsi çekip 120 metre çenli uzap biljekdigini çaklaýarlar. Emma, taryhda bu görkezijiden hem uzyn agaçlara gabat gelnipdir. Agaç näçe uzyn bolsa, olarda suw üpjünçiligi kynlaşýar, ýaprakdaky fotosintez azalýar. Agaç has ulaldygyça, agyrlyk güýji sebäpli ýaprakdaky suwuň döredýän dartgynlygy ýokarlanýar. Mundan başga-da, toprak ýeterlik derejede çygly bolsa-da, ýapraklara ýetmek üçin suwuň geçmeli aralygynyň köpelmegi ýapragyň ösmegini we fotosinteziň tizligini çäklendirip biler. Geçirilen hasaplamalara görä, agaçlaryň ýetip biljek iň beýik uzynlygy 122-130 metr diýlip çaklanylýar.

Ogulbagt AMANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok