Halkara täjirçilik arbitražy: halkara hukugynyň möhüm pudagy

Häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynyň we bazar gatnaşyklarynyň işini pugtalandyrmakda ykdysady gatnaşyklar döwletleriň arasynda we halkara hukugynyň beýleki subýektleriniň arasynda aýratyn orny eýeleýär. Ykdysadyýetiň global derejede çalt ösýän şertlerinde ykdysady meselleri bilen baglanyşykly jedelleri çözmekde halkara täjirçilik arbitražynyň ähmiýeti barha artýar we halkara hukugynyň wajyp pudagy bolmagynda galýar.

Arbitaž barada aýdylanda onuň uzak taryhy bolup, ol hemişe dürli görnüşdäki jedeller bilen jedelleşýän taraplaryň şertnamalar esasynda çözmegiň mehanizmi bolup durýar. Halkara täjirçilik arbitražy häzirki zaman halkara hususy hukugynyň iň möhüm institutlarynyň biri bolup, bu pudak hukuk işinde  täze bir institut bolman eýsem, treteý söwda kazyýetleri gadymy döwürlerden bäri hem meşhurdyr. Halkara täjirçilik işiniň ösüşi bolsa, köplenç haryt-pul gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň arasynda düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy bilen utgaşýar. Şeýlelik-de, halkara arbitraž şeýle hukuk jedellerini çözmegiň iň täsirli usullarynyň biridir.

Halkara täjirçilik arbitražy aşakdaky esasy meseleler boýunça işlere seredip biler:

Daşary ykdysady işi amala aşyrmakda iki ýa-da ondan köp işewürleriň arasynda şertnamalaýyn we beýleki raýat-hukuk gatnaşyklary bilen baglanyşykly ýüze çykýan jedellerde jedelleşýän taraplaryň biri daşary ýurtly işewüri bolup duran ýagdaýynda, şeýle-de döwletleriň çäginde döredilen daşary ýurt maýa goýumlary bolan kompaniýalaryň arasynda ýüze çykan jedellere seredýär.

Arbitraž seljerme işinde halkara täjirçilik-söwda dolanşygynda dörän dürli jedelleriň esasy arbitraž ylalaşygy bolup durýar. Arbitraž ylalaşygy – bu onuň şertnamalaýyn häsiýete eýedigine ýa-da däldigne garamazdan haýsydyr bir anyk hukuk gatnaşygy bilen baglanyşykly olaryň arasynda ýüze çykan ýa-da ýüze çykyp biljek ähli ýa-da belli bir jedelleri arbitraža bermek hakynda taraplaryň ylalaşygy bolup durýar. 

Halkara tejribesinde “arbitraž” sözi düzgün bolşyna görä,  jedeli çözmegiň arbitraž (treteý ýagny,döwlete degişli däl) usulyna degişlidir.

Halkara hukugynyň halkara täjirçilik arbitražy işindäki esasy çesmesi bolup 1958-nji ýylda UNICTRAL tarapyndan taýýarlanylyp, BMG-niň garamagynda kabul edilen, “Daşary ýurt arbitraž kararlaryny ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Nýu-Ýork konwensiýasy” bolup, bu konwensiýa agza döwletleriniň çäginde arbitraž kararlarynyň ykrar edilmegi we ýerine ýetirilmegi üçin ygtybarly kepillikleri kesgitleýär.

Halkara hukugynda ondan başga-da arbitraž meseleleri bilen baglanyşykly birnäçe halkara hukuk resminamalary hereket edýär, olar adatça sebitleýin häsiýete eýe bolup durýar.

1961-nji ýyldaky Daşary söwda arbitražy hakyndaky Ýewropa konwensiýasy bolup, onda agza döwletleriniň fiziki we ýuridiki şahslarynyň  arasyndaky gatnaşyklarynda arbitražy ulanmaklygyň guramaçylyk meseleleri düzgünleşdirildi.

Şeýle halkara hukuknamalary halkara täjirçilik arbitražynyň ähmiýetiniň ösmegine goşant goşýar.

Halkara täjirçilik arbitražynyň iki görnüşi hereket edýär:

1. institusional

2. ad hoc arbitražlar

Institusional täjirçilik arbitražy düzgün bolşy ýaly, söwda palatasy, söwda-senagatçylar birleşigi ýa-da assosasiýa tarapyndan döredilip hemişelik hereket edýän edaradyr. 

Ad hoc täjirçilik arbitražyna başgaça wagtlaýyn arbitražlar hem diýilýär. Ad hoc arbitražlar diňe belli bir jedeli çözmek üçin döredilýär we şol jedel boýunça karar kabul edilenden soň bu arbitraž hereket etmegini bes edýär. 

Halkara söwda tejribesinde halkara täjirçilik arbitražynyň iň meşhur merkezleri :

Stokgolmyň Söwda palatasynyň ýanyndaky Arbitraž instituty, London Halkara Arbitraž kazyýeti, Halkara söwda palatasynyň ýanyndaky Halkara täjirçilik arbitraž kazyýeti, Amerikan arbitraž Assosiýasy, Awstriýa Ykdysady Palatasynyň ýanyndaky Halkara Arbitraž Kazyýeti, Russiýa Federasiýasynyň Söwda we senagat palatasynyň ýanyndaky Halkara täjirçilik arbitraž kazyýeti bolup durýar.

.

                                                                    Şahnoza EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok