Ýurdumyzda sanly ulgam ösüşler bilen şöhratlanýar

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar. Döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär. Taryh üçin gysga wagtyň içinde öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda-da dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigini-de guwanç bilen aýratyn bellemelidiris. Ýurdumyzda kabul edilen 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak babatda netijeli işler alnyp barylmak bilen, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda alada edilýär.

Milli Liderimiz degişli pudaklarda sanly ulgama geçmekligiň möhüm wezipedigini nygtamak bilen, elektron görnüşli hyzmatlardan netijeli peýdalanmaklyga ünsi çekýär. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagaty döretmek, adamyň ösen aň-bilimine hem-de maglumat tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ulgamy emele getirmek döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Sanly ykdysadyýet ýokary tizlik, tygşytlylyk, kämillik ýaly möhüm düşünjeler bilen bagly bolmak bilen, ol önümçilikdäki ähli maglumatlaryň sanlylaşdyrylmagyna ýol açýar. Bu bolsa jemgyýetiň islegine görä, ýokary hilli we takyk maglumatlary, habarlary almak üçin maglumat binýadynyň döredilmegini talap edýär. Her bir pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy alnyp barylýan ähli işleriň awtomatlaşdyrylyp, merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün edýär.

Sanly ulgamy ösdürmekde ilkinji nobatda ýaşlaryň häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak möhüm şert bolup durýar. Şol sebäpden hem ýaş nesle bilim bermekde bilim işgärleriniň hünär taýýarlygy zerurdyr. Bu ugurda diýarymyzyň ähli bilim edaralary häzirkizaman kompýuter tehnologiýalary bilen yzygider üpjün edilmek bilen, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygy kämilleşdirilýär. Hünär kämilleşdiriş merkezlerinde bu ugur boýunça degişli okuwlar üstünlikli geçilýär. Ýurdumyzda ösen innowasiýa babatyndaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerine esaslanyp, Garaşsyz Diýarymyzda kämil hem-de hil taýdan ösen ykdysady ösüş gazanylýar, netijeli sepgitlere eýe bolunýar. Bu ulgamy ösdürmek dürli tehnologiki we ylmy täzelikleriň üstünde işlemegi we döretmegi, pudaklara innowasion tehnologiýalary çalt depginde ornaşdyrylmagyny hem-de olaryň maglumat binýadynyň berkidilmegini üpjün edýär.

Umuman, ösen innowasiýalar milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny has-da ösdürmeklige, ösüşiň depgininiň çaltlandyrylmagyna, döwletimiziň dünýä arenasynda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna şert döredýär. Pursatdan peýdalanyp, mähriban Watanymyzy ösüşli gadamlar bilen öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys!

Jeren GALANDAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Önümçilik tejribelikleriniň ýolbaşçysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok