Guşlar uçup barýarka uklap bilermi?

Käbir guş görnüşleri ýere gonmazdan birnäçe gün, hepde ýa-da birnäçe aý hem howada galyp bilýärler. Bu döwürde olaryň uklaýandyklary ýa-da uklamaýandyklary häzire çenli belli däldi. Alymlar ýakynda bu meselä degişli gözlegleri geçirdiler. Netijede, bu gözleg “Nature Communications” žurnalynda çap edildi.

Gözlegde, alymlar guşlary beýnidäki işjeňlige gözegçilik edýän we kelle hereketlerine gözegçilik edýän enjamlar bilen enjamlaşdyrdylar. Maglumatlar guşlaryň uçup barýarka günde ortaça 41 minut uklaýandygyny görkezýär. Guşlaryň bu döwürdäki ukusy ýerdäki ukusy bilen deňeşdirilende gaty gysga. Sebäbi guşlar gury ýerde günde ortaça 12 sagat uklaýarlar. Mundan başga-da, uçup barýarka üznüksiz uklamaýarlar, olaryň howadaky ukusy gysga uklamak görnüşinde bolýar.

Beýle bolsa, guşlar uçup barýarka nädip uklaýarlar? Iň soňky gözleglerde guşlaryň beýnisiniň diňe bir ýa-da iki bölegi uçup barýarka uklap biljekdigine göz ýetirildi. Beýniniň ýarysy uklap, galan ýarysy oýananda guşlaryň bir gözi açyk bolýar. Açyk gözden alnan maglumatlar beýniniň oýanýan ýarysy bilen bahalandyrylýar. Şeýlelik bilen, guşlar öz gurşawynda bolup biljek howplardan habarly bolup bilýärler. Şeýle hem, köplenç ýokary belentliklerde we ýatýan wagtlarynda uçmagy dowam etdirmek üçin aerodinamiki gözegçiligi saklaýarlar.

Aýgül ARNAMÄMMEDOWA,

D.Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok