Domen atlarynyň bahasy 2029-njy ýyla çenli 50 göterim ýokarlanar

Domen bu islendik web sahypanyň internetdäki ýerleşýän ady bolup durýar. 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda “.com” bilen gutarýan domen  atlaryny hasaba almak we täzelemek üçin alynýan baha takmynan 7 göterim ýokarlandy. Bu ýokarlanyş 2029-njy ýyla çenli 50 göterime çenli ýeter diýlip garaşylýar.

Ýakynda, Global domen adyny hasaba alyş hyzmatlary we internet infrastrukturasy üpjün ediji “Verisign” şereketi, “com” we “net” giňeldilen domen atlarynyň soňky çärýekde 10,6 million köpelip, sanynyň 173,4 milliona ýetendigini habar berdi.

Şeýle hem, “Verisign” 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap her täze we täzelenen “.com” domen adyny hasaba almak üçin ýyllyk tölegiň 8.39-dan 8.97 dollara çenli ýokarlandyrjakdygyny mälim etdi. Şereket, domen atlaryny utgaşdyrmak üçin jogapkär kärhana “ICANN” bilen täze şertnamalaryň çäginde 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda takmynan 7 göterim ösüş gazandy.

“Verisign” şereketiniň bahalar syýasaty barada aýdyp geçenimizde domen atlarynyň lomaý bahasyny her ýylda 7 göterim ýokarlandyrmaga rugsat berilýär.

Akgül AMANSÄHEDOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok