Danalara gulak salsaň

  • Gowy başlangyç söweşiň ýarysydyr.

Platon

  • Ertir näme etjegini bilmeýän adam bagtsyzdyr.

M.Gorkiý

  • Hemme zady bir bada etmäge synanyşmak, hiç zady etmezligi aňladýar.

G. Lihtenberg

  • Amal diňe meýletinlik bilen ýerine ýetirilende oňat netije berýär.

D.Ruskin

  • Ähli halatlarda diýen ýaly işiň iň kyn bölegi başlangyçdyr.

Ž. Ž. Russo

  • Islän zadyňyzy edip bilmeýändigiňiz üçin, edip biljek zadyňyzy isläň.

P.Terensiý

  • Her işde iň möhüm zat işlemek islemeýän pursadyňy ýeňip geçmekdir.

I.P.Pawlow

  • Uly zatlary wada bermän, uly işleri ediň.

Pifagor

  • Iň ýokary lezzet, başgalaryň edip bilmejek zatlaryny etmekdir.

U. Badjot

Bäşim ÖWEZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok