Paýhasa siňen setirler

Mylaýym ýylgyryş üstünligiň tugydyr, haýyşyň bitiriljekdiginiň alamatydyr.

***

Binamysyň bir sözüne çydam etseň, on esse bähbit taparsyň.

***

Janyň sagat bolsa, durmuşdan şikaýat etme. Süňňi sagdynlyk – uly baýlykdyr. Ykbal seni soltan edip goýanda näme, syrkawlyk bilen dünýäniň lezzetini duýmasaň.

***

Hazyna toplamaga mätäç bolsaň, bir zady bilip goý: Ýagşylykdan gowy hazyna bolmaz.

***

Haýsydyr bir işi etjek bolsaň ikirjiňlenmek, oýlanyp durmak gowy zat. Ýöne ýagşy iş üçin ýaýdanmaly däldir.

***

Akyldardan: «Has mähirli adam kim?» diýip soranlarynda, ol: «Gahar-gazabyny sabyrlylyk bilen ýuwudýan, haý-höwesini erjellik bilen basyp ýatyrýan adam» diýipdir.

***

Ikiýüzli adam ýaman iş eder, ýa-da ýaman iş edýäne kömek eder, ýa-da ony söýer, ýa bolmasa onuň işinden razy bolar. Ahyry özi hem ýamanlyga sataşar.

***

Göriplikden başga ähli duşmançylygy aradan aýryp bolar. Göriplik ýürekde mäkäm ornaýan dertdir. Ony hiç bir zat hiç haçan bejerip bilmez.

***

Gybatyň ähli ýagşylygyňy iýişi, oduň pagta übtügini köýdürişinden hem çaltdyr.

***

Ýagşy ýerde ýatlanylmaýanlygy üçin, gysgançlygyň özi ýeterlik utançdyr. Ýaman ýerde ady tutulmaýanlygy üçin, sahylygyň özi kämil buýsançdyr.

***

Akyldarlaryň biri: «Adamlar maňa bakyp: «Pylany seniň üstüňden güldi, sen nä ondan kemmi, üstünden düşsene» – diýip gižželänlerinde, men: «Eger şeýtsem, meniňem pis boldugym bolar. Ynsabym meni olaryň sögünçdir ýaňsylamalaryna gaýtargy bermekden saklaýar» diýerdim.

***

«Günäler haýsy zat sebäpli köpelýär?» diýip, akyldarlaryň birinden soralanda, ol: «Nadanlyk, harsydünýälik we perwaýsyzlyk sebäpli» diýip, jogap beripdir.

***

Akyldarlaryň biri: «Ýaltalygy şeýle bir ýigrenýärin. Ol öz eýesini ähli ýagşylykdan uzakda goýýar, hatda iň pes derejelere eltip oklaýar».

Gülaýym KARAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok