Näme üçin ýolagçy uçarlary kosmosa çykyp bilmeýär?

Uçarlary howada saklamak üçin fizikanyň birnäçe kanunlary ulanylýar. Ilki bilen uçaryň howada uçmagy üçin howa gerek, ýöne diňe adaty howanyň özi ýeterlik däl. Uçar hereketlendirijilerinde ulanylýan turbo-fan we turbinaly gaz hereketlendirijileri uçarlaryň kosmosa çykmagyna mümkinçilik bermeýär. Geliň onda uçarlaryň näme üçin fizikanyň kanunlaryna laýyklykda kosmosa çykyp bilmeýändigini öwreneliň!

Milli awiasiýa we dolandyryş gurmasynyň beren beýanyna görä, göteriji güýç sebäpli adaty bir uçar uçup biler. Howa, uçaryň ganatlaryndan has çalt we aşagynda has haýal hereket etmek üçin niýetlenendir. Bu iki dürli howa akymy, ýüzlerçe tonna ullakan uçarlary howada saklamaga mümkinçilik berýär. Kosmosda howanyň ýokdugyny göz öňünde tutup, ýolagçy uçarynyň kosmosa çykmagynyň mümkin däldigini aňsatlyk bilen aýdyp bileris. Ýangyjy döretmek üçin zerur kisloroda ýetip bilmeýän uçar hereketlendirijileri, saklanýar we uçarlar kosmosa çykmazdan ozal aşak düşmäge başlar.

Uçarlar alymlaryň aýtmagyna görä, adatça, 12 km-den ýokary belentliklerde uçup bilmeýärler. Kosmos çäginiň 100 km bolandygyny göz öňünde tutup, uçarlaryň kosmosa ýakynlaşyp bilmejekligini aýdyp bileris. Eger ýolagçy uçary kosmosa çyksa hem ýokary derejeli radiasiýa, aşa basyş ýaly dürli kynçylyklara sezewar bolar.

Jennet ÇIÇAÝEWA,

D.Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok