Wulkan atylmagy nädip ýüze çykýar?

Wulkan atylmagy bilen agaçlaryň, jaýlaryň, meýdanlaryň, ýollaryň we zawodlaryň zaýalanmagy we hatardan çykmagy mümkin. Hatda uly ýitgilere hem getirip biler. Şeýlelik bilen, taryhda köp ýerleri ýaşap bolmajak ýagdaýa getiren bu tebigy betbagtçylyk nädip ýüze çykýar?

Gözleglere görä, Ýeriň içki ýadro gatlagynyň temperaturasy takmynan 6000°C hasaplanýar. Ýeriň gabygynyň aşagynda ýerleşýän mantiýa, Ýeriň göwrüminiň takmynan 84%-ini emele getirýär. Mantiýanyň aşaky gatlaklarynyň düzümini kesgitlemek ylmy gözlegde möhüm kynçylyklaryň biri bolsa-da, mantiýanyň esasan kremniý, magniý, demir, kislorod we erän gazlar ýaly elementlerden ybarat gaýalardygy çak edilýär.

Ýeriň merkezindäki ýokary temperatura konweksiýa sebäp bolýar. Takmynan 6000°C temperaturaly merkeze ýakyn sebitler, ýylylygyň täsiri bilen ýer ýüzüne tarap hereket edýär, ýeriň üstündäki sebitler bolsa merkeze tarap çümýär. Konweksiýanyň netijesinde tektoniki hereketler ýer gabygyndaky gatlaklaryň hereketi bilen ýüze çykýar. Bu gatlaklaryň hereketleri netijesinde ýer gabygynda ýaryklar peýda bolýar.

Mantiýanyň ýakyn ýerlerinde (takmynan 100-200 km çuňlukda) ýokary temperatura sebäpli erän gaýalara duş gelmek bolýar. Ol gaýalar dykyz bolansoň basyş sebäpli ýer ýüzüne atylyp çykýar. Netijede, wulkan atylma hadysasy ýüze çykýar.

Iba-bekir WELIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok