Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkara hukuk kadalarynyň talaplaryny nazara alýan, jemgyýetimiziň demokratiýalaşdyrylmagyna we döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen milli kanunçylygymyz döwrebaplaşdyrylýar we häzirki döwürde milli kanunçylygymyz ýurdumyzdaky sanly ulgam gatnaşyklary, ilatyň sanly hukuk bilim derejesini nazara almak bilen bir hatarda hukuk, demokratik, dünýewi we bitarap döwlet hökmünde özboluşly tejribe arkaly yzygiderli kämilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidetiniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden çykyşynda “Döwür hemişe öňe barýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyz hem depginli ösüş we giň möçberli ögertmeler ýoly bilen täze tehnologik eýýama tarap ynamly öňe gitmelidir. Ýakyn ýyllarda dünýäde bilim ulgamynda düýpli öwrülişik bolup geçer”diýip nygtap geçdi.
Häzirki döwürde dünýä giňişliginde bolup geçýän sanly “böwsüş” Türkmenistanyň bu ählumumy hadysa goşulyşmagyna zerurlyk döretdi we möhüm döwlet syýasaty hökmünde sanlylaşdyrmak işini milli ösüşiň meýilnamasyna girizilmegini şertlendirdi. Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup, adam bähbitlerine gönükdirilen bu özgertmeleriň netijeliligini artdyrmakda sanly ykdysadyýet birnäçe artykmaçlyklary özünde jemleýär. Ýurdumyzda 2018-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilen “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hut şu wezipelerden ugur alýar.
Sanlylaşdyrmak hadysasy adamyň durmuşynyň we işiniň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň bolup geçmegine täsir edýär. Tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bolsa, diňe bir ykdysadyýetiň täze pudaklarynyň döremegine itergi bermek bilen çäklenmän, möhüm durmuş ähmiýetine eýe bolmak bilen, jemgyýetiň wajyp meseleleriniň çözülmegine ýardam berýär. Bu meselelere ilatyň sowatlylygynyň derejesiniň, maddy-hal ýagdaýynyň ýokarlanmagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýeňilleşmegi, daş-töweregi goramak bilen bagly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi we beýlekiler degişlidir. Esasy ýetilen sepgitleriň biri bolsa, “adamyň zerurlyklaryny” kanagatlandyrmaga gönükdirilen täze gymmatlyklaryň döremegidir. Şonuň bilen birlikde, sanlylaşdyrmak söwda, iş bilen üpjünçilik, bilim, ylym w saglygy goraýyş ulgamlarynyň oňyn üýtgemegine hem täsir edýär.
Dünýä döwletleriň tejribesinden, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň kanunçylygyna sanly hukuk düşünjesini girizmek bu ugurda raýatlarymyzyň hukuk taýdan bilimlerini kämilleşdirmek sanly hukuk goraglylygyny üpjün etmek geljege nazarlana möhüm ädim bolar.
.
Jahan ÖRÄÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler