Amyderýa döwlet goraghanasy

Amyderýa döwlet goraghanasy 1982-nji ýylda Amyderýanyň orta akymynyň hem-de oňa ýakyn ýerleşýän çöl bölümleriniň ekologik ulgamlarynyň ähli düzüjilerini goramak,  öňki derejesine getirmek, sebitiň tebigatyny goramakda ylmy esaslary işläp düzmek maksady bilen döredildi.

Goraghana Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň demirgazyk-gündogar böleginde Birata, Seýdi we Farap etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Amyderýa döwlet goraghanasynynyň çäkleriniň düzüminde Amyderýanyň suwüsti, tokaýlar hem-de Gyzylgum çölüniň bölümleri girýär. Goraghananyň köp bölegini düzlük-çöllük ekoulgamlar düzýär. Bu goraghana Türkmenistanda gadymdan saklanyp gelýän jeňňel ekoulgamlaryny gorap saklaýan ýeke-täk goraghanadyr.

Goraghananyň çäklerinde ýokary derejeli damarly ösümlikleriň 230 görnüşi hasaba alnandyr. Onuň çägindäki Amyderýanyň suwlarynda, akabalarynda, zeýkeşlerinde we derýanyň köne hanalarynda balyklaryň 36 görnüşi, şol sanda Türkmenistanyň gyzyl kitabyna girizilen balyklardan, uly we kiçi amyderýa pilburunlary, çortan şekilli akmarka duş gelýändir.

Ýerde suwda ýaşaýanlar iki görnüşden, ýagny, gök  gurlawuk we köl gurbagasyndan ybaratdyr. Süýrenijiler 28 görnüşden ybarat bolup, olar, esasan hem, çöl bölümlerinde duş gelýärler. Süýdemdirijiler 44 görnüşden ybarat, olardan 4-si mör-möjek iýijiler, 5-si golganatlylar,  1-si towşanşekilliler, 18-si gemrijiler,  13-si ýyrtyjylar we 3-si toýnaklylara degişli. Goraghananyň haýwanan dünýäside dürli – dürlidir. Oňyrgasyzlaryň faunasy birnäçe görnüşden ybarat. Toýnaklylardan tokaýlarda ýekegapan, buhar suguny we tokaýda keýikler duş gelýär.

Ýylyň dürli döwürlerinde guşlaryň 264-e golaý görnüşi goraghananyň çäklerinde hasaba alnandyr. Jeňňellerde buhar jikjikisi, uly ala daşdeşen köp duş gelýär. Amyderýa döwlet goraghanasy bu tebigy sebitde tebigaty goraýan, ylmy we wagyz ediji merkez hasaplanýar.

.

Mähri GAJAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok