“Go Viral” taslamasy fewral aýyndan başlap, Türkmenistanda has hem işjeňleşmäge başlady. Bu taslama özüniň Türkmenistan boýunça ilkinji hormatly ilçisini saýlady.
“Go Viral” taslamasy Merkezi Aziýadaky mediýa, biznes, medeniýet, we tehnologiýa ugurlarynyň wekillerini bir ýere jemleýän, şeýle hem olaryň bir-biri gatnaşyk saklamagyna mümkinçilik berýän platforma hökmünde hyzmat edýär. Bu taslamanyň çäklerinde 2017-nji ýylda sebit derejeli “Go Viral” festiwaly geçirilip başlandy. Şol ýyldan bäri hem platforma hökmünde “Go Viral” merkezi aziýaly žurnalistleriň, telekeçileriň, film industriýasynyň wekilleriniň, aýdymçydyr sazandalaryň mediýanyň, tehnologiýanyň, biznesiň we medeniýetiň täze mümkinçiliklerini ulanyp, dünýäniň galan bölegi bilen gatnaşykda bolmaklaryna itergi berýär.
Mentorlyk işleri, networking we oflaýn çäreler bilen biri-biri bilen gatnaşyk saklaýan “Go Viral” jemgyýetini emele getirmek, bu jemgyýetiň agzalarynyň mediýa, biznes, medeniýet we tehnologiýa babatynda peýdaly kontent öndürmek ukybyny kämilleşdirmek, şeýle hem bu ugurlarda Merkezi Aziýaly, ABŞ-ly we Gündogar Ýewropaly öňdebaryjylaryň gatnaşmagynda sebit we ýerli derejede festiwallary geçirmek “Go Viral” taslamasynyň esasay maksatlary bolup durýar.
Ýyllyk festiwal bilen bir hatarda, taslamanyň çäklerinde yzygiderli kiçi göwrümli çäreler hem geçirilýär; #GoNight, #GoLive, #GoSkillz ýaly aýratyn formatlary öz içine alýar.
“Go Viral”-yň hormatly ilçisi, taslamanyň Türkmenistandaky jemgyýetini giňeltmäge, ýerli derejede mediýa, biznes, medeniýet we tehnologiýa ugurlaryna bagyşlanan çärelerdir duşuşyklary geçirmäge, şeýle hem bu ugurlaryň wekilleriniň sebitdäki we dünýädäki täze trendler bilen tanyş bolmagyna ýardam berer. Bulardan daşary, “Go Viral”-yň internet platformalarynyň üsti bilen türkmen dilindäki kontentiň köpelmegine goşant goşar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Döwlet departamenti tarapyndan goldaw berilýän “Go Viral” taslamasy öz agzalaryna sebit derejesinde hyzmatdaşlyklar ýola goýmaga, olaryň networkini giňeltmäge, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ady agzalan ugurlardaky yagdayy bilen tanyş bolmaga mümkinçilik döredýär. Bu mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin bolsa, Go Viral-yň çärelerine işjeň gatnaşmak, proýektiň sosial mediýa sahypalaryny yzarlamak, şeýle hem edilýän işler boýunça öz pikirleriňizi paýlaşmak ýeterlikdir.
TÜRKMEN DILINDE ILKINJI #GONIGHT
10-njy martda türkmen dilindäki ilkinji #GoNight duşuşygy onlaýn görnüşde geçiriler. Bu duşuşygyň myhmany Bäşim Ataýew, “Aryketek” kompaniýasynyň kreatiw direktory grafik dizaýnerlik käri boýunça aýdyp berer.
Grafik dizaýnerlik Türkmenistanda isleg bildirilýän kärleriň biri bolmak bilen, birnäçe ýaşlar bu ukyplaryny goşmaça girdeji gazanmak üçin ulanýar. Şol bir wagtda, professional işleýän grafik dizaýn studiolary üçin hem ýeterlik iş bar.
“#GoNight Ashgabat” onlaýn duşuşygynyň dowamynda “Ylhamy nireden gözlemeli? Müşderiler bilen nähili işleşmeli? Frilanser hökmünde işleseň gowumy ýa-da bir kompaniýada/agenstwada? 2022-nji ýylda grafik dizaýnda nähili trendler bar?” ýaly temalarda Bäşim öz tejribesini we bilimini paýlaşar.
Bäşim Ataýew öz karýerasyna frilanser hökmünde, Dalýan tehnologiýa uniwersitetinde okaýan döwürleri, Hytaýdaky aýdym-saz çäreleri üçin dizaýn etmek bilen başlaýar. Ol Türkmenistandaky birnäçe mahabatlandyryş kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlyk saklady. Bäşim, 2017-nji ýylda grafik we mouşn dizaýna ýöriteleşýän “Aryketegiň” esaslandyryjylarynyň biri bolýar. Şol ýyldan bäri hem, ol bu kompaniýanyň kreatiw direktory hökmünde zähmet çekýär.
Çärä registrasiýa linki:
https://sal.gy/GoviralTmReg
“Go Viral” “Youtube” sahypasy: https://www.youtube.com/channel/UCNEyrGlB2LF8trYHfjHEgOg
“Go Viral” “Instagram” sahypasy: https://www.instagram.com/goviral.ca/
“Go Viral” “Telegram” sahypasy: https://t.me/goviralca
“Go Viral” taslamasynyň Türkmenistandaky hormatly ilçisi:
Batyr Berdiýew,
IMO/Telegram: +99363075122
Instagram: https://www.instagram.com/berdiyevbatyr/
Teswirler