“NASA” – bäsleşik yglan edýär. Baýrak: 30 müň amerikan dollary

Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy bolan “NASA” we bir internet platformasy, Marsdan maglumatlary almagy aňsatlaşdyrjak ulgam üçin bäsleşik yglan etdi. Bäsleşigiň ýeňijisine beriljek baýrak 30 müň amerikan dollary bolar.

Gün ulgamynda Ýerden başgada bir planetada ýaşaýyşyň barlygyna degişli gözlegler indi ençeme ýyllap geçirilýär. Ýaşaýyş bolupmy ýa-da bolup biler diýlip çaklanylýan planeta hem Marsdyr. Mars ençeme wagtdan bäri adamzadyň ünsüni özüne çekýän planetalaryň biridir. Marsa degişli gözlegleriň esasy maksady, Marsda bir wagtlar ýaşaýşyň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamakdyr.

Şunuň bilen baglylykda, “NASA” we “döredijilikli pikirleri we meseleleriň çözgüdini gözleýänleri birleşdirýän platforma” “HeroX” web sahypasy Marsdan maglumatlary almagy aňsatlaşdyrjak ulgam üçin bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşigiň esasy maksady maglumatlary derňemegiň has gowy usullaryny tapmak bolup durýar. Mars gözleg ulaglaryndan gelýän maglumatlary özbaşdak seljermek üçin gural döretmegi maksat edinýän bäsleşigiň ýeňijisine 30 müň amerikan dollary beriler.  

Bäsleşige islendik adam gatnaşyp biler. Arzalar 18-nji aprele çenli kabul edilýär.

Döwletgeldi NURBERDIÝEW,

D.Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok