Lebap welaýatynyň hususyýetçileri eksporty artdyrýar

Lebap welaýatynyň hususyýetçiler özleriniň öndürýän senagat önümlerini eksport etdirmegi dowam edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan, Lebap welaýatynda hususy kärhanalary 2022-nji ýylyň başky iki aýynda 731 müň amerikan dollaryndan gowrak senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler.

Önümler esasan Türkiýe, Özbegistan,  Owganystan, Birleşen Arap Emirlikleri we Hytaý döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. Suwuk bitum mastikasy iň köp talap gören önümleriň başynda gelýär. «Mizemez gadam» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän bu önüminiň 1352 tonnasynyň, ýagny 323 müň 200 amerikan dollaryna golaýynyň eksport edilmegi, öndürilýän bu önümiň hiliniň ýokarydygyna, onuň daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýandygyna şaýatlyk edýär. Bu kärhananyň önümleri, esasan, Özbegistan we Türkiýe döwletleriniň işewürleri tarapyndan satyn alyndy.

Lebaply telekeçileriň bu ugurdaky görkezijileri olaryň öz ýokary hilli önümleri bilen daşary ýurt bazarlaryny ynamly özleşdirýändiklerine şaýatlyk edýär.

Wepa MOMMYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok