Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde, Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda ýapon keramikasynyň sergisi öz işine başlady. Bu sergi mart aýynyň 28-ne çenli öz işini dowam eder.
Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekilleri we guramaçylar, sergä köp sanly myhmanlaryň gelmeklerine garaşýarlar. Bu sergi Ýaponiýanyň taryhy, medeniýeti we sungaty bilen gyzyklanýanlar üçin we bu ugurda täze bilim almaklyk isleýänler üçin giň mümkinçilikdigini belleýärler. Sergi dört bölüme bölünýär – “Ýakisimäniň gelip çykyşy”, “Çaý dabarasy we Ýakisimä”, “Ýapon aşhanasy we Ýakisimä” we “Ýakisimä sungat obýektleri”. Umuman aýdanyňda, sergide gözden geçirilişde ýüzden gowrak üýtgeşik eser we panel bilen tanyşyp bilersiňiz.
Sergä giriş mugt. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi sişenbe gününden başga her gün sagat 9: 00-18: 00 aralygynda açykdyr.
Salgysy: Aşgabat şäheri. Alişer Nowaýy köç, 88-nji jaý.
Abdyrahman ŞAMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Teswirler