Zenan suratkeşleriň döredijik dünýäsi

Garaşsyz Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda halypa we ýaş suratkeşleriň döredijiligi milli mirasymyzy, gül-gunçalary we türkmen gözel tebigatyny wasp edýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň nakgaşlygynda Ogulgeldi Mämmedowa, Aýnagözel Nuryýewa, Ogulsuraý Akmyradowa, Tuwak Sähedowa, Gülnäz Rozykulowa, Gunça Myradowa, Täçjemal Gylyçdurdyýewa, Şemşat Mämmedowa, Gunça Goçmyradowa ýaly suratkeşleri ayratyn orun tutup, ýurdumyzda geçirilýän döwlet we halkara sergilere, döredijilik bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Halypa nakgaş we grafikaçy O. Mämmedowanyň döredijiliginde «Zöhre–Tahyr», «Melike–Dilaram», «Gül–Bilbil»  we beýleki türkmen dessanlary, gadymy rowaýatlaryň äheňi, türkmeniň nusgawy şahyrlaryň goşgulary, türkmen gelin-gyzlarynyň gözel keşbi nakgaş zenanyň döredijililiginde eriş-argaç bolup geçýär. Ýaş nakgaş G. Myradowa özüniň eserlerinde durmuşa bolan söýgüni, çagalyk döwrüni, gülläp duran ýaşlygy, edebi we medeni mirasymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýär. Onuň «Şa gyzy» atly eserinde geçmişde ýaşap geçen gözel şa zenany, «Şasenem», «Zöhre», «Gülpamyň syry» ýaly işlerinde türkmen dessanlarynyň baş gahrymanlary, «Ogulşat», «Gözel», «Jemal», «Gelin», «Sähranyň portreti», «Türkmen gelni» ýaly eserlerinde bolsa häzirki döwrüň kalby belent, asylly pikirlerden doly, maksada okgunly öňe barýan zenanlaryň keşpleri öz ajaýyp beýanyny tapýar.

Häzirki günde ýurdumyzyň grafikasynda ösmegine Oguldöndi Çerkezowanyň, Maýagül Lallykowanyň, Oguljeren Babaýewanyň, Şirinjemal Rejepowanyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýän çeper edebiýat we metbugat işlerinde täze gözlegler we çeper çözgütler aýdyň duýulýar. O. Çerkezowa Gurbanaly Magrupynyň «Döwletýar», Öwez Gündogdyýewiň «Türkmen zenanlarynyň taryhy keşbi», Şirinjemal Geldiýewanyň «Ýar ojagy», «Hüwdüler – ömürleriň aýdymy», «Türkmen halk ertekileri» ýaly kitaplaryny suratlar bilen bezemek işine işjeň gatnaşdy. Suratkeşiň her bir eserinde grafika sungatynyň dürli serişdelerini ussatlyk bilen peýdalanyp, özüniň çeperçilik dilini tapmagyny başardy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika kafedrasynyň mugallymy M. Lallykowa ýurdumyzyň gazet-žurnallary bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, Narmuhammet Kakabaýewiň «Ýürekde galan sargyt», Didarberdi Allaberdiýewiň «Sözläp senaly dilim», Ýaban Saparowyň «Sähra ýollary» ýaly kitaplaryň bezegine hem gatnaşýar. Grafikaçynyň döredijiliginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Aýryldym», «Näme sen», «Türkmeniň» ýaly goşgularyna bagyşlanan grafika işler mazmun taýdan çylşyrymly kompozisiýalardyr.

Garaşsyzlyk döwrüniň amaly-haşam sungatyna külalçylar Maral Ataýewa, Dursunsolmaz Muhammedowa, Gülara Babaýewa, haly suratkeşleri Gülşirin Berdiýewa, Altyn Muhammedowa, gobelen suratkeşleri Altynjemal Baýlyýewa, Oguljennet Mollaýewa, Arzygül Köşiliýewa, Bahar Pirgulyýewa, zergärler Aýjemal Çaryýewa, Ogulgerek Myradowa, Şirin Gylyjowa özüniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Türkmenistanyň halk suratkeşi M. Ataýewa ençeme şägirtleri ýetişdirip, şu günki gün Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy wezipesinde işleýär. Halypanyň «Miras», «Gelinler», «Nusgawy äheňler» eserlerinde türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, gözel tebigaty, türkmen gelin-gyzlary millilik bilen beýan edilýär. Türkmen külalçylyk sungatyny dünýä tanadan Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymy Dursunsolmaz Muhammedowanyň «Şa gyzy», «Gyzlar», «Bahar», «Kürteli gelinler» ýaly eserlerinde päkligiň, mähremligiň, gözelligiň, wepadarlygyň nyşany bolan gelin-gyzlaryň keşplerinde göwrümleriň we reňkleriň oýuny sazlaşykly ulanylypdyr. Ýaş külalçy G. Babaýewanyň döredijiliginde taryhda yz galdyran meşhur türkmen zenanlarymyzyň keşplerini «Tumar şa», «Amazonkalar», «Daýahatyn» ýaly keramika taslamalarynda şöhlelendirýär.

Türkmenistanyň şekilli halylarynyň ençemesini G. Berdiýewa we A. Muhammedowa inçelik bilen döredip, milli sungatymyzyň nagyşlaryny, reňk çözgütlerini täzeçe peýdalanmagyny, türkmen tebigatynyň gözelliklerini nakgaş hökmünde haly eserine geçirip bilmegi bilen tapawutlanýarlar. A. Muhammedowanyň haşam dili arkaly beýan edilen «Marguş medeniýeti», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly şekilli halylary gadymy mirasymyzyň gaýtalanmajak nusgalaryny, binagärlik ýadygärliklerini inçelik bilen görkezýär. Döwrebap gobelenleriň döremegine özüniň goşandyny goşýan A. Baýlyýewa «Garagumuň gülleri», «Üzärlik», «Ýüpek ýoly» gobelenleri tebigatyň iň owadan şekillerini täsirli taslamalarynda şöhlelendirýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymy O. Mollaýewanyň «Pasyllaryň soltany», «Bedewler», «Türkmen alabaýy»,  «Tansçy gyzlar» ýaly gobelenlerinde haşam dilini nakgaşlyk sungatynyň çeperçilik serişdelerini bilen utgaşdyrýar. A. Çaryýewa zergärçilik önümleriň ählisinde türkmen tebigatynyň, zenanlaryň keşplerini, halk dessanlarynyň gahrymanlaryň şekillerini suratlandyrmakda haşam dilini ulanýar. Ol gelin-gyzlarymyza niýetläp, «Harmandäli» atly bilezigi, «Gyrat» boýun bezegi, «Gyzlar baga geledir» atly bukawy, «Monjukatdy» atly boýun bezegi, «Küştdepdi», «Kyrk gyz», «Gülparça», «Han ýüzük» ýaly şaý-sepleri döretdi. O. Myradowanyň «Gün şöhlesi» ýaka şaý-sepinde, «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» boýun ýaka şaý-sepinde gülýaka we dagdan ýaly milli şaý-sepleriniň çeperçilik çözgüdi peýdalanylýar.

Türkmen zenan suratkeşleriniň dünýäsi döredýän eserlerine siňip, beýik döwrümiz bilen ajaýyp sazlaşyk tapýar.

.

Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyňsungaty
öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok