Türkmenistana “COVID-19” ýokanjyna garşy 20 million dollarlyk lukmançylyk enjamlary gelip gowuşdy

Ýakynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine “COVID-19” ýokanjyna garşy göreşmek boýunça lukmançylyk enjamlary gelip gowuşdy.

Gelip gowşan lukmançylyk enjamlarynyň umumy bahasy 20 million ABŞ dollaryna barabar bolup, ony Türkmenistanda “COVID-19” ýokanjyna garşy göreşmek taslamasyny durmuşa geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (BMGÖM) tarapyndan gowşurdy. Bu lukmançylyk enjamlary 15 sany göwrümi 75 litr we 6 sany göwrümi 175 litr awtoklawlary hem-de COVID-19 anyklamak üçin PCR testleri öz içine alýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok