“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşynda milli aýdym-saz sungatyny ylmy taýdan öwrenmekde ýaş alymlaryň öňününde durýan wezipeler” atly maslahaty

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaş alymlar geňeşiniň guramagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşynda milli aýdym-saz sungatyny ylmy taýdan öwrenmekde ýaş alymlaryň öňünündäki wezipeler” atly maslahat geçirildi. Maslahata ylmy-gözleg işlerini alyp barýan ýaş alymlar geňeşiniň agza mugallymlary, talyplary şeýle-de ýaşlary ylma ugrukdyrýan halypa mugallymlar gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ilkinji günlerinde ähli halkymyz şatlykly habaryň şaýady bolandygy, ýagny dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna girizilmeginiň türkmen halkynyň başyny göge ýetirendigi hakynda buýsançly söhbetler boldy.

Soňra bolsa “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň fewral aýynda geçirilen Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhywakalara gönükdirildi. Ýurdymyzy 2022 – 2052-nji ýyllarda ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnama dogrusynda söz açylyp, diňe bir jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady jähetden ähmiýetli bolman, eýem medeniýet, sungat babatda hem ähmiýeti ulydygy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň Milli geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda ýaşlar barada: “…Biz diňe bir gelejegimizi däl, eýsem şu günümizi hem ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys. Her döwletiň beýikligi onuň ýetişdirip, öňe çykaryp bilen nesilleri bilen kesgitlenýär. Şu günki günde döwrebap ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly watansöýüji ýaşlarymyz ähli ugurda ýüki öz üstüne alýar” diýip, aýdanlaryny ýaşlar uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda täze at bilen, ýagny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy diýlip atlandyrylan ýylynda milli aýdym-saz sungatyny ylmy taýdan öwrenmek meselesi dodrusynda giňişleýin çykyşlar boldy. Çykyşlaryň mazmunyna laýyklykda milli aýdym-saz sungatynynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlaryň alyp barýan ylmy gözlegleri, halypa-şägirtlik ýolunyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy şeýle-de ýurdumyzda ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler dogrusynda gyzykly söhbetler boldy. Bulardan başga-da ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen “Küşdepdi”, “Görogly” dessançylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty medeniýetara we halkara gatnaşyklary ösdürmäge, umumadamzat gymmatlyklaryny özünde saklaýan maddy däl medeni mirasyň nusgalaryny dünýä derejesinde ykrar edilmegine giň ýol açýandygy hakynda durulyp geçildi we ÝUNESKO-nyň agza ýurtlary bilen türkmen halk saz döredijiliginiň kämil tejribelerini paýlaşmaga we ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etmäge gönükdirilmeginde ähmiýetiniň ulydygy bellenildi.

 Maslahatyň soňunda bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymlary bilen bir hatarda talyp ýaşlary türkmen sungatyny täze sepgitlere ýetirmekde, ony dünýä derejsinde ýaýbaňlandyrmakda uly işleri alyp barjakdyklaryny ynandyrdylar.

.

Gülnabat  Ataýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok