Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran 2605-nji Kararyna laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.
Bag ekmek dabarasyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek, ýurdumyzyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine tabşyryldy.
Belläp geçsek, şu ýyl paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň hem-de üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär.
Teswirler