Näme üçin gyşda mör-möjekler ýitirim bolýar?

Ýaz we tomus aýlarynda ýygy-ýygydan duş gelýän mör-möjekler, adatça gyşda birden ýitirim bolýarlar. Onda, gyş aýlarynda sowukdan goranmak üçin mör-möjekler näme edýärler? Olar nirä ýitirim bolýarlar? Geliň, bu soragy jogaplalyň!

Gyş paslynda käbir haýwanlar gyş ukusyna gidýärler, käbirleri bolsa göçýärler. Tomus aýlarynda ýygy-ýygydan duş gelýän mör-möjekler, adatça gyşda känbir görünmän başlaýar.

Käbir mör-möjek görnüşleri, gyşda gyş ukusyna gidýärler. Diapoz diýilýän bu amalda mör-möjekleriň iýmit alyş-çalşy haýallaýar we olaryň ösüşi togtaýar. Diapoz daşky gurşawyň şertleri ýaramaz bolanda, mysal üçin pes temperaturada ýa-da iýmit tapyp bilmedik mahaly ýüze çykýar. Mör-möjekler bu prosese taýynlyk görmek şeýle-de sowukdan goranmak üçin gaçybatalga tapmaga synanyşýarlar. Munuň üçin topragyň aşagyndaky boşluklary, agaç çukurlarynyň içini, daşlaryň we agaçlaryň düýbüni ýa-da guradylan we ýykylan ýapraklary pena hökmünde ulanýarlar.

Käbir mör-möjek görnüşleriniň bedeninde antifriz häsiýetleri bolan himiki maddalar bar. Bu maddalar, aşa sowukda öýjüklere we dokumalara zeper ýetmeginiň öňüni alyp, mör-möjeklere ýaşamaga kömek edýär. Belläp geçsek, köp haýwan görnüşleri ýaly mör-möjekler hem göç edýärler.

Ogulbagt HOJAŞOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok