Bir ugurda üstünlige ýetmek üçin näçeräk işlemeli?

Sportda, sungatda, ylymda ýa-da başga-da köp ugurda üstünlik gazanmagyň syrynyň gaýtalamak, tejribe ýa-da türgenleşik arkaly bolýandygyny bilýäris. Şeýlelik bilen, bir ugurda ýokary derejede üstünlik gazanmak üçin nähili işlemeli we näçe wagt alýar? Geliň, öwreneliň!

1993-nji ýylda “Psihologiki syn” žurnalynda çap edilen gözlegde  alymlar sebitdäki ýokary we adaty öndürijiligiň arasyndaky tapawudyň okuw wagty bilen baglanyşyklydygyny öňe sürdüler. Gözlegde, 20 ýaşly skripka çalýan sazandalaryň arasynda iň üstünlikli işleýänleriň ortaça 10,000 sagat, gowy diýlip hasaplanylýanlaryň ortaça 7800 sagat, iň az üstünlik gazananlaryň bolsa 4600 sagat ortaça işleýändigi kesgitlenildi. Alymlar pikir jemlemek bilen, bir ugurda doly ökde hünärmen bolmak üçin 10,000 sagat gerek diýen netijä geldiler. Şonuň üçin hem ylymda “Üstünligiň syry – 10 müň sagat” düzgüni diýen ýörelge bar.

Häzirki wagta çenli bu düzgüne eýerip üstünlige ýeten adamlar az däl. Belläp geçsek, küşt ýaly oýun bilen gyzyklanýan adamlaryň 26%, aýdym-sazyň bir pudagy bilen gyzyklanýan sazandalaryň 21%,  sportuň dürli görnüşleri bilen gyzyklanýanlaryň 18% bu düzgüne eýerip meşhurlyk gazanmagy başardy.

Täç TUWAKOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok