Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň esasynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» häzirki wagtda iki tapgyrda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň innowasion ösüşine görä, bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrylyp, hili ýokarlandyrylýar we okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär.
Okadylýan sapaklarda institutynyň mugallymy interaktiw, multimediýa tagtalaryndan, kompýuterlerden, proýektorlardan we internet maglumatlaryndan, halkara tejribelerinden peýdalanyp, okatmagyň döwrebap usullaryny milli bilim ulgamynda ulanmak ýokary netije berýär. Mugallymlaryň okadýan dersinde internet maglumatlaryndan we dünýä tejribesini peýdalanyp, geçilýän temalar bilen baglanyşdyryp, okadýan dersi boýunça ýetilen sepgitler bilen baglanyşykly tapylan maglumatlar bilen çäklenmeli däl-de, talyplary şu dersiň haýsy ugry gyzyklandyrýan bolsa, olary şol ugur boýunça maglumatlary ýygnamaga gönükdirmek bolýar. Milli aýratynlygy göz öňünde tutup, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda bilim-terbiýeçilik işleri ýokary derejede gurnalyar. Ýaşlaryň ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmegini gazanmak üçin, çagalarda bu endigi artdyryp, höwes döretmek, daşary ýurt dillerini öwretmekde mugallymlaryň ýokary taýýarlykly we tejribeli bolmagyny gazanmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
Wepa NAZAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 6-njy ýyl talyby.
Teswirler