Käbir bakteriýalar we wiruslar sagdyn öýjüklerimizi peýdalanyp köpelýärler. Ýokançly sagdyn öýjükler zaýalanýar. Bedenimizdäki bakteriýalar we wiruslar belli bir mukdara ýetende, biz hassa bolýarys. Sanjym, bedenimizi kesel döredýän bakteriýalardan we wiruslardan goraýan bejeriş usulydyr. Ähli kesellere garşy sanjym ýok bolsa-da, şu güne çenli köp kesele garşy sanjymlar işlenip düzüldi. Eýsem, sanjym bedenimizi kesellerden nädip goraýar?
Bedenimizde kesel döredýän bakteriýalara ýa-da wiruslara garşy göreşýän we ýok edýän käbir öýjükler bar. Bu öýjüklere immun ulgamynyň öýjükleri diýilýär. Immun ulgamy öýjükleri ak gan öýjükleri tarapyndan öndürilýär. Antikor immun ulgamynyň öýjüklerinden biridir. Antikorlar, ýüzündäki antigenler diýilýän molekulalaryň kömegi bilen bakteriýalar we wiruslar ýaly kesel döredýän serişdeleri tanadýarlar we ýok edýärler. Antikorlar belogyň bir görnüşidir.
Sanjym keseli döredýän bakteriýalary we wiruslary ulanyp öndürilýär. Sanjym alanymyzda immunitetimiz güýçlenýär we bedenimizdäki antikorlar antigeni tanadýar. Sanjymdaky antigen kesel döretmäge ýeterlik derejede güýçli bolmasa-da, immun ulgamy indi bu antigeni tanap, antikorlaryň indiki gezek ýüze çykanda has çalt öndürilmegine mümkinçilik berýär. Şeýdip, bedenimiz kesele garşy immunitet döredýär.
Muhammet ROZYKULYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler