Raýatlaryň saglygyny goramak maksady bilen keselleriň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek boýunça iş meýilnamalary esasynda Tejen etrabynyň çägindäki edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerde wagyz-nesihat işleri guramaçylykly geçirilýär. Ýakynda Tejen etrap bilim bölüminde “Saglygym – baş baýlygym!” atly wagyz-nesihat masalahaty geçirildi. Maslahata etrabyň orta mekdeplerinde, çagalar baglarynda zähmet çekýän bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ilatymyzyň saglygy barada edýän beýik işleri, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmekligiň kadalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde, kadaly iýmitlenmek, ýokanç keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alyşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgelere eýermekleri dogrusynda belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň ýagty ertirleri ugrunda aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Myrat ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Tejen etrap
Geňeşiniň başlygy.
Teswirler