Puly nädip tygşytlamaly?

“Dükana aç girmäñ, kän satyn almazlyk üçin” diýen söz bilen hemmeler tanyş. Bu gün bolsa puly tygşytlamak üçin has peýdaly düzgünleri goşarys.

Söwda saparyňyzy öňünden meýilleşdiriň. Her gezek işden soň dükana gitmegiň ýerine, esasanam aýlyk günleri barada aýdylanda, söwda saparyny öňünden meýilleşdirmek has amatlydyr.

Maşgala üçin birnäçe gün ýeterlik boljak zerur zatlaryň we önümleriň sanawyny öňünden düzmek iň gowusydyr. Köpler mahabat önümleriniň hökmany suratda hiliniň pesdigine we möhletiniň gutarandygyna ynanýarlar.  Bu düýbünden nädogry, arzanladyşlarda gaty ýokary hilli zatlar satyn alyp bilersiňiz, mysal üçin dükan ýapylanda…

… Başga adamlaryň çykdajylaryna seretmäň. Dostuňyzyň her gün restoranda nahar iýip biljekdigi, geýimini her aý täzeläp, güýmenje üçin ep-esli pul sarp edip biljekdigi sebäpli, siz hem edil şonuň ýaly etmelidigiňizi aňlatmaýar.

 Çykdajylar býudjetiňize esaslanyp meýilleşdirilmelidir.

Arkaýyn durmuş üçin her kimde garaşylmadyk kynçylyklar ýüze çykan halatynda ýagdaýy tygşytlap biljek belli bir mukdarda pul bolmaly.

Aýlygyňyzyň 5-10%- ini bank hasabynda ýa-da konwertde goýuň we düýbünden zerur bolmasa bu pula degmäň.

Ulanmaýan zatlaryňyzy satyň. Umuman, 1-2 ýyldan gowrak wagt bäri ulanmadyk zatlaryňyzdan yzygiderli dynmak maslahat berilýär

.

Allanur BAÝRAMOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň
Nebit gaz desgalarynyň senagat gurluşygy hünäriniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok