Guşlar nädip uçýarlar?

Guşlar özboluşly fiziki aýratynlyklary bilen uçmaga ukyply jandarlar hasaplanylýar. Onda guşlar nädip uçýarlar?

Guşlar, edil uçarlar ýaly howada uçup barýarka, aerodinamiki düzgünlerden peýdalanýarlar. Aerodinamiki düzgünler dört esasy güýçden durýar. Bular iteklemek, götermek, çekmek we agyrlyk güýji.

Guşlaryň tutuş bedenini gurşap alýan ýeňil, tekiz, dykyz we yza gönükdirilen ýelekleri bar. Şeýle hem, uzyn ganatlary we gysga ugrukdyryjy guýruklary bar. Bu aerodinamiki aýratynlyklaryň kömegi bilen guşlar howanyň döreden çekiş güýjüni azaldyp bilýärler. Uçuş myşsalaryny göwrä birleşdirýän göwüs süňkleri uçmaýan oňurgaly haýwanlara garanyňda ep-esli giňdir. Şeýlelik bilen, guşlar ganatlaryny güýçli silkip, ýokary güýji döredýärler.

Guşlara uçmaga mümkinçilik berýän başga bir aýratynlyk, olaryň ýeňilligi. Guş süňkleri inçe we içi boş dykyz däl boşlukdan ybaratdyr. Mundan başga-da, uçmaýan oňurgaly haýwanlarda eňek süňkleriniň we dişleriň ýerine çüňki bar. Guşlar bu aýratynlyklar bilen agramyny azaldyp bilýärler.

Şeýle hem guşlar, ganatlaryny kakanda döredilen itiş güýji bilen uçup barýarka, howanyň döreden sürtülme güýjüni deňleşdirýärler. Bu bolsa olaryň howada has ýeňil we oňaýly uçmagyna itergi berýär.

Bibiruhiýa GURBANGYLYJOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok