Elektrik simlerine gonan guşlary näme üçin tok urmaýar?

Elektrik simlerinden geçýän ýokary woltly tok, adamlar we haýwanlar üçin örän howply bolup durýar. Simdäki elektrik togunyň ujypsyzja böleginiň janly bedene galtaşmagy ölüm howply bolup biler. Onda näme üçin elektrik simlerine gonan guşlary tok urmaýar?

Elektrik togy elektronlaryň hereketi bilen döredilýär. Suwuň beýik ýerden aşak akmagy ýaly, elektrik togy ýokary elektrik potensial nokadyndan pes elektrik potensialyna akýar. Şonuň üçin guşlar diňe bir wagtyň özünde potensial tapawudy bolan iki nokada degen ýagdaýynda guşlaryň bedeninden elektrik togy geçip biler.

Şeýle-de bolsa, guş bir wagtyň iki aýry elektrik simine degse, elektrik bir simden beýlekisine akyp başlaýar we guş onuň üstünden geçýän elektrik togy bilen urulýar. Ýokary woltly elektrik geçiriji simleriniň arasynda goýulýan araçäk hem tok urma hadysasynyň öňüni almak maksatlaýyndyr. Edil şonuň ýaly-da, guş bir wagtyň özünde elektrik simine-de, ýere-de degse, sim bilen ýeriň arasynda ähtimal tapawut barlygy sebäpli, guşy elektrik togy urar.

Hurma ATAÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok