Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Ýaş hünärmenleri kämil derejede taýýarlamagyň meseleleri öňdäki hatarlarda durýar.
Mähriban Arkadagymyzyň “Mugallymçylyk käriniň at-abraýyny we mertebesini hemişe belende götermek, şol bir wagtda-da, mugallymlarda öz hünär ussatlygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmaga bolan islegi we höwesi döretmek biziň borjumyzdyr” diýen sözleri biz talyp ýaşlarda, geljekki ýaş mugallymlarda buýsanç duýgularyny döredýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bilim alýan 4-nji ýyl talyp ýaşlar häzirki wagtda okuw meýilnamalaryna laýyklykda, geçilýän okuw sapaklary bilen bir hatarda paýtagtymyzdaky dünýä ülňülerine laýyk gelýän, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdeplerde hünär tejribeliklerini – mugallymçylyk tejribeliklerini geçip, özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde kämilleşdirýärler.
Ýapon dili hünäri boýunça bilim alýan biz talyp ýaşlar hem paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşup oturan, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 61-nji orta mekdebinde özümiziň mugallymçylyk tejribeligimizi geçip, hünärmenlik ýolunda tejribämizi artdyrýarys.
Belli pedagog, tanymal filosof K.G. Salzman “Kärini bütin ruhy bilen söýýän mugallym hakykatdan-da gowy mugallymdyr” diýip belläp geçýär. Dogrudan hem, her kärde bolşy ýaly, mugallymçylykda-da, üstünlik gazanmagyň esasy şerti – öz käriňi söýmekdir. Işinden lezzet almaýan mugallymyň bolsa, kärine berilmegi we bu babatda üstünlik gazanmagy örän kyndyr. Elbetde, mugallymçylyk hünärini ele almak, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermek, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek biz ýaş hünärmenleriň esasy wezipesi bolup durýar.
Mugallymçylyk tejribelegini geçýän döwrümizde özümize berkidilen halypa mugallymlardan mugallymçylyk käriniň inçe syrlaryny öwrenýäris. Ýapon dili sapaklaryna girenimizde bolsa, ýapon dilini okatmagyň usulyýeti we nazaryýeti derslerini öwran – öwran öwreden mugallymlarymyzyň maslahatlaryny, öz tejribelerinden paýlaşanlaryny giňden peýdalanýarys. Bu zatlaryň ählisi bolsa geljekde özümiziň saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolup ýetişmegimize uly ýardam edýär.
Şeýle ajaýyp, döwrebap mekdeplerde okaýan okuwçylaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesleriniň artýandygy Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edýän işleriniň amala aşýandygynyň subutnamasydyr.
Mähriban Arkadagymyz “Biz ata – Watanymyzyň bagtly geljegini Türkmenistanyň ösüp gelýän ýaş nesli bilen baglanyşdyrýarys. Biz olary şöhratly ata-babalarymyzyň pähim – paýhasyndan ýugrulan däp – dessurlarymyzy dowam etdirip, Altyn asyrymyzy gurujylardyr diýip ynanýarys” diýmek bilen, biz ýaşlara uly ynam bildirýär. Biz talyp ýaşlar hem hormatly Prezidentimiziň bize bildirýän ynamyny ödäp, geljekde kämil şahsyýetler, ökde hünärmenler bolup mähriban Arkadagymyza, Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişeris.
Merjen Hydyrowa
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň
Ýapon dili hünäriniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler