Daşoguz welaýatynyň daýhhanlary 8,8 müň gektar meýdan ýerlerine ýer almanyň ekişine başladylar. Bu ýyl daýhanlara bölnüp berilen meýdan ýerleri, geçen ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli köpdür. Oba hojalyk pudagynda ulanylýan öňde baryjy tehnikalaryň kömegi bilen ekiljek ýer almalary öz wagtynda ekmäge kömek berýär.
Ekin meýdanlaryň esasy bölegi – üç müň gektara golaýy – Gurbansoltan eje adyndaky etrapda ýerleşýär. Bu ekin üçin iki müň gektar töweregi ýer bölünip berlen S.A.Nyýazow adyndaky etrap ýene-de ýeralma öndürýän iri etrap bolar.
Ýurdumyzda, şol sanda oba hojalygynda-da kiçi we orta telekeçilige berilýän goldawa laýyklykda, döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işine we Daşoguz welaýatynda ýeralma öndürmäge işjeň gatnaşmagyny höweslendirmek maksady bilen, ýerli daýhan hojalyklary bilen birlikde hususy telekeçilik düzümleri hem işjeň gatnaşýarlar.
Sonagül HUDAÝBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler