“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda medeniýet we sungat pudaklarynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasaty esasynda ýurdumyzyň üstünlikleri, däp-dessury, baýramçylyklary, ajaýyp tebigaty türkmen şekillendiriş sungatynyň eserlerinde wasp edilýär.
2022-nji ýylyň 1 – 2-nji martynda “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahaty we sergisi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi. Bu serginiň esasy maksady türkmen tebigatynyň ajaýyp keşplerini, gözel künjeklerimizi, bahar güllerini şahyrana suratlandyryp görkezmekdir.
Sergä Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymalary we talyplary, Aşgabat şäherindäki Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary ajaýyp işleri bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşleri giňden ýaýbaňlandyryldy.
Nakgaşçylyk sungaty boýunça halypa suratkeşlerimiz Annadurdy Almämmedow peýzaž, natýurmort işleri, Guseýn Guseýnow şahyrana eserleri, Kamil Weliahmedow peýzaž taslamalary, Babageldi Owganow milli däp-dessurlarymyzy suratlandyrýan eserleri, Ata Akyýew, Aýnagözel Nuryýewa türkmen zenanlaryň gözel keşplerini wasp edýän suratlary we beýleki nakgaşlar türkmen tebigatymyzyň gaýtalanmajak pursatlaryny hem-de türkmen zenanyň gözelligini we asyllygyny suratlandyrýan eserleri bilen gatnaşdylar.
Grafika sungaty boýunça Döwletgeldi Akyýewiň, Döwletmyrat Durdyýewiň, Şatlyk Tagyýewiň, Gurban Tekäýewiň we beýleki ýaş grafikaçylaryň kitap bezegleri, stanok grafikasyna degişli işleri görkezildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini bezeýän monumental taslamalaryň awtorlary, dünýä ýaň salan eserleri döreden Türkmenistanyň Hormatly il ýaşululary, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Babasary Annamyradow we Saragt Babaýew öz döredijilikleriniň nusgawy işlerini halk köpçüligine ýetirdiler.
Amaly-haşam sungaty boýunça zergärler Myrat Sähedow, Salam we Göwher Nuryýewler, Şazada Orazberdiýew, Ogulgerek Myradowa, Şirin Gylyjowa, Aýjemal Çaryýewa dagylar inçelik bilen işlenen milli äheňdäki zergärçilik önümlerini çykardylar. Halyçylyk sungaty boýunça halypa suratkeşimiz Annabibi Islamowanyň inçe çitimli haly we haly önümleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Birnäçe ýyllardan bäri bedew waspyny halyçylyk sungatynda ussatlyk bilen şekillendirýän, şekilli halylaryň awtory, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew hem nepis halylary bilen tomaşaçylary haýrana goýdy. Sergide görkezilen uly göwrümli halylarda bedewiň waspy, ajaýyp tebigatymyz hem aýratyn orna mynasyp boldy. Häzirki döwürde külalçylyk sungatynyň görnükli wekili, halypa suratkeşimiz, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Dursunsolmaz Muhammedowanyň ýerine ýetiren işlerinde türkmen tebigatynyň, zenan gözelliginiň waspy we bedewleriň ýyndamlygy ýokary ussatlyk bilen şöhlelenýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan keramikaçy talyplaryň hem eserleri görkezildi.
Türkmen dizaýn sungaty boýunça kämil hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň orny uludyr. Talyplaryň ýyllyk we diplom işleriniň dizaýn taslamalary sergide aýratyn orny eýeleýär. Ýaş dizaýnerler milli lybaslaryň, interýer bezegleriň görnüşlerini, batik, witraž, ekibana ýaly dürli tehniki usullarda ýerine ýetirilen taslamalary baýramçylyk serginiň dabarasyny has hem artdyrdy.
Sergi bahar paslynyň ilkinji günlerinde açylmak bilen tebigatyň owadan pursady, şahyrana waspy, bahar gülleri suratkeşleriň döredijiliklerinde aýratyn orny eýeleýändigini görkezýär. Suratkeşler bahar paslynyň gözelligini owadan reňk sazlaşygynyň üsti bilen çözmek arkaly bahar paslynyň mylaýym howasyny ussatlyk bilen suratlandyrýarlar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň, Kamil Weliahmedowyň, Guseýn Guseýnowyň ýokary derejeli işleri sergide tapawutly orunlary eýeledi. Türkmen tebigatynyň miwelerini sungatyň çeper dilinde şöhlelendirmek nakgaşçylyk sungatynda örän ýakymly yzlary goýan ugurdyr. Natýurmort çekmekde ussatlyk görkezip, türkmen sungatynyň taryhyna giren suratkeşler az däldir. Suratkeşlermiz tarapyndan döredilen, daşary ýurtlarda we öz Watanymyzda gurnalýan sergilere gatnaşyp, tomaşyçylaryň ýatlarynda galyp, täsirli duýgulary oýarýan natýurmort eserleri örän köpdür. Natýurmort žanrynyň üsti bilen janly tebigatyň bahar gülleri janlylyk bilen suratlandyrylyp sergide ýaýbaňlandyryldy. Şol eserlere seredeniňde ülkämizde ösýän owadan gülleriň ajaýyplygy, terligi we ýakymlylygy sende ajaýyp duýgyny döredýär. Bu hem suratkeşiň janly pursady gyzgyny bilen suratlandyrandygyny subut edýär.
Serginiň merkezinde ýerleşdirilen Annadurdy Almämmedowyň döredijiliginde natýurmort žanry uly orun eýeleýär. Onuň eserleriniň esasy temasy bolup, tebigatyň şekilleri hyzmat edýär: güller, miweler, gök önümler. Suratkeş olary dürli ýagdaýda çekýär: interýerde, açyk howada, daglaryň giňişligini berip, olaryň kömegi bilen bütewiligi saklap, dünýäniň gözel hakykylygyny ýüze çykarýar. Oňa ýaşyl, gök we güneş bilen çoýulan sary reňkleriň inçe sazlaşygyny, öwüşginini bermeklik mahsusdyr. Şeýlelikde, onuň şekillendirýän zatlarynda özüniň takyk maddylygyny, şekiliň gurluşy, daşky sudury (fakturasy), göwrümleri bermekde ussatlygy görkezilýär. Annadurdy Almämmedow tebigatyň keşbini döredýän eserlerinde joşgunly hyjuwyny, tükeniksiz fantaziýasyny aýdyň ýüze çykarýar. A. Almämmedow eziz tebigata söýgüsi hakynda ýürekden gürrüň berip: “Ýaşlykdan tebigat meniň üçin geňdi, özüne çekijidi. Daglarda gezmegi hem-de bulutlaryň hereketlenişini, dumanyň daglary ýapyşyny, Günüň dogup-ýaşyşyny, baharda baglaryň gülleýşini synlamagy halaýardym. Şoňa görä, geljekde tebigat meniň üçin döredijilik çeşmesine öwrüldi” diýýär.
Suratkeş Guseýn Guseýnow ýönekeý, sada owadanlygy suratlandyrmak bilen tomaşaçyda söýgi döredýär. Her çeken tebigat pursadyna bolan hormaty artdyrýar. Sebäbi her bir suratkeş sada gözellikden bir umumy many emele gelýän pursady tutmagy başaryp, şahyrana dilde beýan edýär. Nakgaş özüniň peýzažlarynda adamlaryň we haýwanlaryň şekillerini ulanýarlar hem-de olary ikinji meýilnama ýerleşdirip, has ownuklaşdyrýar. Onuň esasy maksady şol zähmetiň gaýnap duran ýerinde, asuda tebigatda parahat zemini şahyrana dilde şekillendirmekdir. Türkmenistan Watanymyza bagyşlanyp çekilen ähli peýzažlarda millilik onuň reňklerinde, berýän täsirinde, özeninde ýatan haşamlykda jemlenýär. Guseýn Guseýnow türkmen tebigatynyň, durmuşynyň aşygy bolup, bu duýgulary ussatlyk bilen şahyrana suratlandyrmagy başarýar.
Türkmeniň milli mirasy, gadymy gymmatlyklary, türkmen tebigatyň dabarasy we gelin-gyzlarymyzyň gözelligini görkezmek ähli suratkeşlerde tapawutly orunlary eýeläp, olara bagyşlanan işler çeperçilik taýdan janly suratlandyrylýar. Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerini wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda halkara maslahatlaryň we sergileriň ähmiýeti örän uludyr.
.
Jemal Toryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.
Teswirler