Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 30-ýyl hyzmatdaşlygy

Her ýylyň 2-nji martynda ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilen güni giňden bellenilip geçilýär. Ine, bu ýyl bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegine şanly 30 ýyl dolýar.

Türkmenistan döwletimiz 1992-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmak baradaky arzasyny tabşyrdy. Guramanyň degişli düzgünine laýyklykda Howpsuzlyk geňeşi özüniň 1992-nji ýylyň 7-nji fewralyndaky mejlisinde Türkmenistany BMG-niň agzalygyna kabul etmek baradaky meselä seretdi we ýurdumyzy agzalyga kabul etmekligi Baş Assambleýa biragyzdan maslahat berdiler. Netijede, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda biziň halkymyzyň taryhynda möhüm wakalaryň biri bolup geçdi: şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasy özüniň 82-nji mejlisinde ählumumy dostluk we hoşniýetlilik ýagdaýynda, ses berişligi geçirmezden, Türkmenistany BMG-niň agzalygyna kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek ýurduň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. 30 ýylyň içinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde toplan oňyn tejribesi, hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň giňden goldanylmagy ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatymyzyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary yzygiderliligi, uzak möhletleýin häsiýeti, adalatlylygy we durmuşa ornaşdyrylmak mümkinçiliginiň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiziň dünýä bileleşiginiň garamagyna hödürleýän başlangyçlarynda umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan daşary syýasatymyzyň oňyn taraplary öz beýanyny tapýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, şeýle hem her ýylyň 12-nji dekabryny “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi bu hakykaty ýene bir gezek aýdyň görkezýär.

.

Yslam DURDYMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok