Taryhdaky ilkinji film demir ýol menzilleri barada dokumental film boldy. Doganlar Lýumer tarapyndan surata düşürilen filmde ýörite sýužet ýokdy. Başgaça aýdylanda, kino dokumental film bilen başlandy. Dokumental filmiň ilkinji görkezilişi 1895-nji ýylyň 28-nji dekabrynda “Garden Cafe” diýilýän ýerde geçirildi. Bu täze oýlap tapyşy görenleriň köpüsi, Lýumer doganlaryň eden zatlarynyň jadylydygyny pikir etdiler. Ilkinji ssenariýli hakyky film 1902-nji ýylda Georges Melis tarapyndan surata düşürildi. “Le Voyage Dans La Lune” (Aýa syýahat) filminde Aýa syýahat etmek isleýän we taryhda ilkinji kinematiki mysal hasaplanýan toparyň wakasy gürrüň berilýär.
Kinofilmler XIX asyra çenli diňe şekil görnüşinde bolsa-da, ilkinji sessiz filmler halk köpçüliginiň göwnünden turdy. 20-nji asyryň başynda filmler kyssa gurluşyny ösdürip başlady. Kameranyň hereketleri filmiň hekaýasyny has täsirli edip başlady. Filmler ümsüm bolansoň, teatr eýeleri filmdäki hekaýanyň geçişine görä aýdym-saz öndürmek üçin pianinoçy ýa-da orkestr işe alyp başladylar. 1920-nji ýyllaryň başynda filmleriň köpüsi üçin bu maksat bilen deslapky saz sanawlary döredildi. lkinji reňkli film hökmünde; 1939-njy ýylda düşürilen “Windel bilen ýel” we “Jadygöý” filmleri bilen tanalýar. Şeýle-de bolsa, ilkinji reňkli film 1918-nji ýylda düşürilen “Cupid Angling” sessiz filmi hasaplanýar.
.
Jennet BATYROWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
Himiýa fakultetiniň talyby.
Teswirler