- Koala bir gije-gündiziň 18-22 sagadyny ýatyp geçirýärler.
- Osminoglar – oňurgasyz haýwanlaryň arasynda iň akyllylarydyr.
- Kakapo – dünýäde ýeke-täk uçmaýan totyguşdyr.
- Itleriň ys alyş ukyby adamyňkydan 1000 esse güýçlüdir.
- Pişikler süýji zatlary halamaýarlar. Sebäbi olar süýji tagamy duýmaýarlar.
- Teneçiriň ýaşaýyş dowamlylygy 24 sagatdyr.
- Kolibri – yzlaýyn uçup bilýän ýeke-täk guşdyr.
- Ýylanlar hiç hili zat iýmän 3 ýyl uklap bilýärler.
- Düýeguşuň gözi onuň beýnisinden uludyr.
- Delfinler diňe bir gözüni ýapyp uklaýarlar.
- Awstraliýadaky towşanlaryň sany, Hytaýdaky adamlardan köpdür.
- Polýar aýylary 40 km/s tizlikde ylgap bilýärler.
- Kitleriň ýüregi minutda diňe 9 gezek urýandyr.
- Garynjalar açyk sary reňkde özüni rahatsyz duýýarlar.
- Garynja öz agramynyň elli-ýüz essesini göterip bilýärler.
- Uly kengurular 9 metre böküp bilýärler.
- Kebelekler ýer titrän wagtynda uçup bilmeýärler.
Mukam BATYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler