«Baýram han toplum ýyldyzlar ýaly şöhle şaçýan adamlaryň arasynda iň şöhleli ýyldyzlaryň biri bolup, Humaýun hem Ekberiň köşkleriniň üstüne ýalkymyny saçypdyr. Onuň ady XVI asyryň birinji ýarymyny beýan edýän Hindistan taryhynyň sahypalarynda uly orun tutýar».
Iňlis alymy Denison Ross.
Bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda baý medeni we ruhy mirasymyzy, beýik taryhy şahslarymyzy öwrenmeklige çuňňur çemeleşilip, bu ugurda önjeýli netijeler gazanylýar. Türkmen taryhynda uly yz galdyryp giden beýik şahslarymyz baradaky bize belli bolan we täze anyklanylan gymmatly maglumatlary halka ýetirmek, biziň öňümizde durýan mukaddes borçdur. Şeýle beýik şahslarymyzyň biri hem türkmenleriň baharly taýpasynyň wekili, halkyň jümmüşinden çykan beýik döwlet işgäri, döwrüniň ussat diplomaty, filosof, sazanda, serkerde şahyr Muhammet Baýram han Türkmeniň durmuşynda we döredijiliginde şahyranalyk we çuňňur pelsepewi danalyk, ynsanyýetiň gymmaty, adalat ugrunda jan çekýän we göreşýän, adam mertebesine uly hormat goýýan şahsyýetdir. Bahar, bahar ili, baharly tiresi Oguz hanyň bäşinji ogly Dag handan we onuň ogly Imrden gözbaş alyp gaýdýar. Imr boýy, Imr ili, hususanda, onuň baharly şahasy taryha Ýunus Emre, Baýram Hoja, Gara Ýusup beg, Jahanşa, Aly Şükür beg, Baýram han, Abdyrahym han-hanan, Soltanguly Kutubşa, Emirhan Mosully, Magrupy ýaly beýik şahslary we türkmenleriň Garagoýunly, Kutubşalar döwletlerini berdi.
XVI asyrda Mogol imperiýasynyň (Owganystanda, Hindistanda, Päkistanda) dörän döwründe türkmenler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde we onuň serhetlerinden daşarda-da döwlet gurupdyrlar. Baýram han bolsa ata Watanyndan uzakda ýaşan we halkyny meşhur eden türkmenleriň biridir. Ol we onuň bilen bagly Mogol imperiýasynyň üç patyşasy barada ýazuw çeşmelerinde gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. Hindistanyň Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişori Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol türkmendi» diýip belläpdir.
Baýram han Türkmen özüniň döredijiligi, ýadawsyz tagallasy we ugurtapyjylygy bilen beýik serkerde, şahyr, syýasy-döwlet işgäri, ussat diplomat hökmünde Merkezi Aziýa, Owaganystan, Horasan, Eýran, Hindistan ýaly gadymy Gündogar ýurtlarynyň arasynda halklaryň medeni hyzmatdaşlygynyň ösmeginde şeýle-de olaryň özara dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda ägirt uly rol oýnan şahsyýetir. Türkmen halkynyň beýik ogly Muhammet Baýram hanyň döredijiligi, pelsepesi, şahsyýeti we onuň beýik döwlet işgäri, ussat diplomat hökmünde bitiren işleri öwrenilmäge mynasypdyr.
Seýli ARYŞOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler