Gije ukyň arasynda içilýän suwuň zyýany

Suwy yzygiderli içmegiň saglygymyz üçin örän peýdalydygy barada ählimiz bilýäris. Sagdyn beden üçin bolsa günde azyndan 2,5 litr suw içmeli. Bedenimiziň köp bölegi esasan suwdan durýar. Myşsalarymyzyň 75%, beýnimiziň 90%, süňklerimiziň 22% we ganymyzyň 83% suwdyr. Suw biziň durmuşymyz üçin aýrylmazdyr. Sagdyn durmuşda ýaşamak üçin organlarymyz suwa mätäçdir.

Bedenimizde suw ýygnanmagy aýlanyş ulgamynda ýa-da dokuma giňişliklerinde bolup geçýär. Munuň netijesinde-de, ellerde, aýaklarda ýa-da topuklarda çişme döräp bilýär.

Ýatmazdan ozal suw içmek, ukynyň hiline zyýan ýetirýär. Munuň sebäbi, ukyny üpjün edýän anti-diuretik gormondyr.  Bu gormon uky wagtynda bölünip çykýar, bedeniň suwsuzlanmagynyň we böwrekleriň peşew öndürmeginiň öňüni alýar. Zerur bolan ýagdaýynda köp suw içip ýatanyňyzda bedeniň deňagramlylygy bozulýar, bütin gije hajathana ulanylmaly bolýar we böwrekler hemişe işläp durýar.

Ukynyň arasynda suw içmek bedene zyýan berip biler. Gije ýa-da irden turup, bedeniň özüni sazlamazdan ozal suw içmek zyýanlydyr. Bu sebäpden köp meseleler ýüze çykyp biler. Beýniniň işine zeper ýetirmegi hem mümkin.  Hökmany ýagdaý bar bolsa, mukdary azaldylyp içip bolar.

.

Gözel SERDAROWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň
Elektroenergetika we elektrotehnika hünäriniň “B” toparynyň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok