Milli mirasymyz jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde pederlerimiziň miras goýan umumadamzat taglymatlary we watansöýüjilik duýgulary uly orun eýeleýär. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar.
Milli lybaslarymyzdaky her bir nagşymyz görenleri haýrana goýýar. Türkmen tebigatynyň gülünden, gunçasyndan nusga alnyp, döwrebaplaşdyrylyp döredilen nagyşlar bu günki gün milli lybaslarymyzy bezeýär. Keşdedir gaýmalar, halydyr palaslar, kilimler ýüreklerde baky orun alan gözelliklerdir.
Her bir taryhy gymmatlygy aýawly saklap, nesilden-nesile geçirip, olary has içgin öwrenmek üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde muzeýler gurulyp ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, şekillendiriş sungaty muzeýi Milli haly muzeýi, Watan mukaddesligi muzeýi, Magtymguly pyragy muzeýi, Gökdepe muzeýi, şeýle hem welaýat merkezlerinde gurlan Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleri halkymyza taryhyň sahypalaryny açyp görkezýär.
.
Maýa MÜLKAMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri uly mugallymy.
Teswirler