Bilim ulgamynyň gazananlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesillere bilim we terbiýe berlişiniň derejesini ýokarlandyrmak, esasan hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere terbiýe berlişiniň derejesini has-da ýokarlandyrmagy aýratyn belleýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary terbiýelemekde we mekdebe taýýarlamakda, olarda özüňi edepli alyp barmak we okuwa bolan joşgunly höwesi kemala getirmek barada uly işleri amala aşyrýan terbiýeçileriň işlerine hem uly üns berilýär. Çagalara türkmen dilini we beýleki dilleri, bilimleriň ilkibaşdaky esaslaryny öwretmek ýörite taýýarlanan milli Maksatnamalar esasynda amala aşyrylýar. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek barada 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklandy. Munuň özi milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek we kämilleşdirmek baradaky wajyp resminamadyr.

Ylym-bilim jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýar, ýurduň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär. Her bir ýurduň ösüşini şertlendirýän pudaklaryň biri hem ylym-bilim pudagydyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamyny diwersifikassiýa ýoly bilen ösdürmeklige, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň hasda kuwwatlanmagyna, orta we ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga, ylmy işgärleriň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ylym-bilim ulgamyna geçildi we şu günlerde bu işler has hem kämilleşdirilýär.

Biz mugallymlara okatmaga öwretmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gözel Ataniýazowa Narbaýewna,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň
9-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok