Ýitip giden ösümlikler

Öýde gül ösdürip ýetişdirýän bolsaňyz, ösümliklere ideg etmegiň sabyr we zähmet talap edýändigini bilýänsiňiz. Zerur bolanda olara suw görkezmeli we gün şöhlesini almaga kömek etmeli. Şeýle-de bolsa, dünýämizde ýok bolup gitme howpy abanýan ýüzlerçe ösümlik bar. Geliň indi bulara has içgin seredeliň.

Ilki bilen ýok bolup giden ösümlikleri gözden geçireliň. Munuň nämäni aňladýandygyny bilýäňizmi, siz we indiki nesiller bu ösümliklere hiç haçan duş gelmez. Elbetde, ýok bolup giden ösümlikleri yzyna getirmek üçin tehnologiýa tapylsa nähili gowy bolardy emma häzirki wagtda bu entek mümkin däl.

Görnüşi ýitip giden ösümlikler:

Keramatly Helena – bu ösümlik 2003-nji ýylda ýitip gitdi. Mukaddes Helenany häzirki wagtda ösümlik tohumyny saklaýan ýörite kompaniýalarda saklanylýar.

Thismia ösümligi – ýeriň aşagynda ösmegi bilen ünsi çekýän bu ösümlik görnüşi hem howanyň üýtgemegi bilen ýitip gitdi.

Glossopteris – dile meňzeýän ýapraklary bilen üýtgeşik bu ösümligiň galyndylaryna Madagaskarda, Antarktikada we Günorta Amerikanyň käbir ýerlerinde duş gelindi.

Gülruh Agajanowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok