Türkmenistanda energetika pudagynyň sanlylaşdyrylmagy

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan rowaçlanýan döwrebap ösüşler milli ykdysadyýetimiziň energetika pudagyny hem gurşap aldy. Milli Liderimiz tarapyndan 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda tassyklanylan «Türkmenis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Konsep­si­ýa­syna» laýyklykda ýurdumyzyň energetika pudagynda hem sanlylaşdyrma işleri gyzgalaňly dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mukaddes Watanymyzyň ýangyç-energetika pudagynda sanly ulgama geçilmegi bilen, ýurdumyzyň BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatyny örän tiz amala aşyrmaklyk maksat edinilýär. Çünki,  nebit-gaz senagatynyň sanly ykdysadyýete geçiş şertlerinde «akylly guýularda»  we  «sanly ýataklarda»  ulanylýan  sanly intellektual tehnologiýalar guýular, ýataklar we daşky gurşaw baradaky ähli maglumatlary üznüksiz toplamaga we seljermäge, şeýle hem alnan maglumatlaryň esasynda olaryň işini sazlamaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika we elektroenergetika pudaklaryny  «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011  –  2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» esasynda özgertmekligiň üçünji tapgyry, ýagny  2021 – 2030-njy ýyllar üçin niýetlenilen meýilnamalar iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika we elektroenergetika senagatlaryny ösdürmekligiň täze ugry onuň çäklerinde sanly innowasion ulgamyny emele getirmeklik bilen bagly bolar.  Bu ugruň durmuşa geçirilmegi 2021 – 2030-njy ýyllarda milli ýangyç-energetika we elektroenergetika senagatlarynyň ösüşiniň hil taýdan has ýokary täze modeline geçip başlamagyna getirer. Ykdysadyýetiň bu modeli önümiň innowasion görnüşleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmaga gönükdiriler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekligiň 2021-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli  bolan döwri öz içine alýan üçünji tapgyrynda ata Watanymyzyň ykdysadyýetine  elektroenergetika pudagynyňgoşandyny ýokary derejede artdyrmaklyk, ýurdy we sebitleri elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmeklik bu pudagyň geljekki ösüşiniň strategik wezipeleri bolup durýar.

Allanur ANNAMÄMMEDOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň “SDTTEHA” hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok