«Halka gulluk — Haka gulluk!»

Islendik nukdaýnazardan alanyňda, «bagt» sözi bilen «Watan» sözüniň arasynda parh ýok. Bagta eýlenen adamyň kalbynda hyjuw, ýüreginde joşgun bolýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen, uzak möhlete niýetlenen, her bir maşgalanyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berjek maksatnama halkymyz üçin täze bagtyň buşlukçysy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň geljekki ösüş döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Şol esasda hem Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýylarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy taýýarlandy. Bu maksatnama «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda jemlenen syýasatyň mynasyp dowamydyr.

Hemme taryhy döwürlerde türkmen halkynyň özboluşly häsiýetiniň esasynda parahatçylyga hem-de milletara dostluga ygrarlylyk goýlandyr. Şoňa görä-de, häzir islendik ýurduň ösüşi üçin durnuklylyk, parahatçylyk we agzybirlik wajypdyr. Milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan döwletimizi mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek baradaky maksatnamada häzirki zaman şertlerinde aýratyn wajyp bolan bu ýörelgeler jemlenilýär. Maksatnama ýurdumyzyň kuwwatynyň binýadynda duran döwletimiziň, halkymyzyň, jemgyýetimiziň, her bir adamyň bähbitlerine esaslanandyr. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň geçen ýyllary içinde üstünlikli amala aşyrylan beýik tutumlarymyzyň dowamat-dowamdygyny ýedi yklyma buşlap, ak ýollarymyza nur çaýar.

Biziň şeýle beýik ynam bilen nygtamagymyzyň özüne ýetesi sebäpleri bar. Ilki bilen, diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem, dünýä halklarynyň jana-jan bähbitlerini naýbaşy orunda goýýan, ägirt uly taryhy taslamalary durmuşa geçirmegiň hötdesinden gelýän kuwwatly döwletde ýaşaýandygymyzy göz öňünde tutduk. Şeýle-de ýurdumyzda agzybirligiň, jebisligiň mizemez ýörelgeleri kuwwatly döredijilik güýjüne öwrülip, beýik tutumlaryň rowaçlyklara beslenmeginiň berk binýady bolup hyzmat edýär.

Maksatly menzilleriň rowaçlyklara beslenýändigini milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda geçilen taryhy ýollar tassyklaýar. Beýik menziller ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýyp, türkmen topragyny ägirt uly taslamalaryň sarsmaz ynam, batyrgaýlyk bilen durmuşa geçirilýän künjegine öwürdi.

Sähragül REJEPOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Pedagogika we psihologiýa
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok