Danalaryň aýdanlaryndan

KIMI AKYLLY SAÝMALY?

Bir filosofdan:
– Kimi akylly saýyp bolar? – diýip sorapdyrlar.
Ol şeýle jogap beripdir:
– Ýüregine düwen maksadyna ýetip bilýän adam akyllydyr.

* * *

IŇ KYN ZAT

Bir gezek Diogenden:
– Dünýäde iň kyn zat näme? – diýip sorapdyrlar.
Kimdigiňi bilmek we pikiriňi içiňde saklamak – diýip, akyldar jogap beripdir.

* * *

PAÝHAS

Konfusiniň aýtmagyna görä:
– Paýhas – wyždanyň içinde duran akyldyr. Gürleşmäge mynasyp adam bilen gürleşmezlik adamy ýitirmek diýmekdir. Gürleşmäge mynasyp däl adam bilen gürleşmek bolsa, söz ýitirmekdir. Paýhasly adam, adamam, sözem ýitirmeýär.

* * *

GOWUSY DYMMAK

Bir kişi şeý diýipdir.
– Meniň dilimden sypdyran zatlarym üçin ökünen gezeklerim kän boldy, ýöne dişimiň aňyrsynda saklan zatlarym üçin welin, kän ahmyr çekmedim.

* * *

DAŞ SYPATYŇ ALDATMAGY

Bir akyldar şeý diýipdir:
– Mekir adam syrylan gylyç ýalydyr. Onuň daş sypaty özüne çekijidir, ýöne onuň bilen iş salşanyňda sähel säwlik goýberdigiň, maýyp bolanyňy duýman galarsyň.

Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok