Alymlar özüne çekijiligiň syryny ýüze çykardylar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda (ABŞ) geçirilen gözlegde özüne çekiji hökmünde häsiýetlendirilen adamlaryň immunitet ulgamynyň has güýçli bolandygy ýüze çykaryldy. Tehas Hristian Uniwersitetiniň gözlegçiler topary özüne çekijilik bilen güýçli immunitet ulgamynyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykaran gözleg geçirdi. Gözlegde, makiýažsyz 159 aýal we erkek tebigy ýüz keşbi bilen surata düşdi. Soňra bu adamlardan gan nusgalary alyndy we kesellere we ýokançlyklara garşy göreşýän ak gan öýjükleri ölçeldi. Gözlegçiler 492 meýletinçiden beýleki jynsdaky 159 adamyň suratlaryny görkezip, özüne çekijiligini bahalandyrmagy haýyş etdiler. Bahalandyrýan adama suratlary görkezilenleriň saglyk ýagdaýy barada hiç hili maglumat berilmedi. Gözlegleriň netijesinde 492 meýletinçiniň güýçli immun ulgamy bolan adamlary has özüne çekiji tapandygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem gözleg, erkekleriň we aýallaryň özüne çekiji we sagdyn ýüze dürli garaýyşlarynyň bardygyny kesgitledi. Şoňa laýyklykda aýallar “tebigy öldüriji öýjükleri” bolan erkekleri has owadan we özüne çekiji tapdylar. Erkeklerde munuň tersine boldy. Gözleg işine gatnaşan erkekler, “tebigy öldüriji öýjükleriň” sany az bolan aýallary has owadan diýip häsiýetlendirdiler. Gözleg geçiren alymlar, ganhor öýjükleri az bolan aýallaryň adatça estrogen derejesiniň ýokarydygy sebäpli düşündirdi. Gözlegçiler “owadan ýüzüň” aýratynlyklaryny aşakdaky ýaly sanap geçdiler: Açyk we arassa deri, görnükli ýaňaklary, açyk gözleri we doly we gyzyl dodaklary.

.

Allanazar REJEPOW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň
Himiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok