Gahryman Arkadagymyzyň: “Ýaşlar syýasaty hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar” diýen aýdanlaryndan ugur alnyp, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi bolsa ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ylym-bilim almagyna we intellektual, döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmagyna şeýle-de kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine uly itergi berýär.
Hemme zatdan ozal ylym düşünjesiniň many-mazmunyna, wajyplygyna, aýratyn hem ýaşlaryň göz ýetirmeklerini, düýpli düşünmeklerini gazanmak häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýar. Ylmy ösüşleri belentden-belent derejelere çykarmak üçin, türkmen halkynyň dünýä ýurtlary bilen bu pudaga dahylly bolan ugurlar boýunça ugurdaş gitmegi Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde häzirki durmuşy we geljekki ykbaly üçin örän wajypdyr.
Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek hemişe möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly – bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine şeýle hem çuň gözýetimli, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ähli zerur şertleri we mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun.
Duwak MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler