Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow Orenburg sebitiniň gubernatory Denis Pasler bilen duşuşdy. Bu barada orient.tm habar saýty belläp geçýär.
Söhbetdeşlikde türkmen tarapy Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.
Mundan başga-da, Atadurdy Baýramow Orenburg döwlet pedagogika uniwersitetiniň rektory Swetlana Aleşina bilen duşuşdy we 12-nji martda Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlarynyň çäginde, Orenburg sebitindäki rus uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplary bilen söhbetdeş boldy.
Akbike ÖWEZDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler