Her ýylyň 27-nji iýunda klassik şahyrymyz Magtymgulynyň dörejiligine bagyşlanan baýram dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Her ýyl däbe öwrülen bu baýramçylyk Magtymgula bolan çäksiz söýgüniň, hormatyň subutnamasydyr. Ol diňe bir türkmeniň Magtymgulysy däl, eýsem bütin dünýäniň Magtymgulysydyr, çünki, dünýäniň çar künjeginden gelýän magltymgulyşynaslar şol gün Magtymgulynyň beýikden-beýik çuň pikirli filsofiýasyny ýene bir gezek dünýä äşgär edeler. Magtymgulynyň poeziýasy biri-biriniň içinden çyrmaşyp geçýän dünýä medeniýetiniň çatrygynda dörändir. Onuň dürdäne goşgy setirleriniň her bir adamyň gursagynda watançylyk, abadançylyk, wepalylyk, päklik, sadalyk, gözellik düýgularyny oýaryp bilmeginiň esasy sebäpleriniň biri-de Magtymgulynyň gözýetiminiň giňligidir.
Aslynda şahyryň gözýetiminiň giňline täsir eden faktorlaryň biri bolsa, onuň dünýäniň çar künjeginde bolup gelmegidir.
Magtymgulynyň dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Hindistanda bolmagy we olary öz goşgy setirlrinde ýatlamagy şol döwürde türkmen halkynyň beýleki döwletler bilen söwda – medeni gatnaşyklarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Muny Hindistanyň Kalkutta şäherinde çapdan çykan ‘’Sandi” žurnalynyň baş redaktory Subhi Rabbah Bhattaçariýanyň Magtymgulynyň 250 ýyllyk ýubileýiniň bagyşlanan dabarada sözlän sözleri subut edýär. Ol şeýle diýipdi : Magtymguly öz eserlerinde Hindistany ýatlapdyr. Şahyr uzak dumanlaryň aňyrsynda Hindistan bar diýip adypdyr. Ol Hindistany arzuw edipdir….”.
Magtymgulynyň Hindistan baradaky arzuwyny :
Hak ugrunda gurbandyr,
Janym, döwletim, malym,
Göwün ýola rowandyr
– Hindistanda hyýalym. [3; 3 tom, 19 sah.].
Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwlüýäler ummany
Ol Rumystany görsem./ Bady sebani görsem/
diýen goşgulary aňdyň görkezýär.
Bu arzuwyň diňe gursakda galman, eýsem onuň amala aşandygyny mysallar hem subut edýär.
Bagtymgyly (stawropol türkmenleri Magtymgulyny şeýle atlandyrýarlar) afat aýduwçy, şahyr kişi bolan , ol iliň maslahatçysy bolupdyr… Bagtymgulynyň dünýäde bolmadyk ýeri, bilmeýän zady bolmandyr… Hindistanda, Arabystana, Astrahanda-da bolupdyr. (S. Kurenow.Magtymgyly stawropol türkmenleriniň arasynda)
Goşgularynda aňlanyşyna görä, Magtymguly, Astrahanda, Özbegistanda, Azerbaýjanda, Eýranda, Owganystanda. Hindistanda, Kawkazda bolupdyr, kän halkyň durmuşyny , edim -gylygyny öwrenipdir.(T. Gurbanow-Berkarar döwlet istärin)
Ol köp mekdep-medreselerde okap, Eýranda, Owganystanda, Hindistanda we beýleki ýurtlarda bolup, şol ýerlerdäki görnükli şahyrlardyr-alymlaryň ençemesi bilen duşuşyp, dostlaşyp, özi üçin zerur bilim hazynasyny edinipdir. (N.Gullaýew, Magtymgulynyň belentligi)
Eger-de Magtymguly türkmenleriň arasynda “Pyragy” lakamy bilen , stawropol türkmenleriniň arasynda “Bagtymguly” ady bilen belli bolsa, onda ol , Hindi halklarynyň arasyndy “Myragy” ady bilen belli bolupdyr.
50-nji ýyllaryň ahyrlarynda Beýik Magtymgulynyň 225 ýyllyk ýübileýiniň öň ýanynda Hindistaana baran gňrnükli türkmen şahyry Gara Seýitliýew., şol ýeriň kitaphanalarydyr, müzeýleriniň birinde bolup, Magtymgulydan nyşan soranynda, Magtymguly Myragy atly şahyryň saldamly diwanyny görkezipdirler.
Emma Magtymgulynyň lakamynyň “Pyragy” däl-de “Myragy’ bolandygy sebäpli, G.Seýitliýew ony tanap bilmändir.
Şahyr alym N.Gullaýewiň pikiriçe, şol “Myragy” türkmenleriň klassigi Magtymguly Pyragy bolmaly.Ol şeýle ýazýar ;”Hindistana ol ömrüniň ýigitlik ýyllarynda, ýagny, Pyragy lakamy bilen ýazan döwürlerinde gidipdir. Pyragynyň , ýagny “”Feragynyň” “Myraga” öwrülmegi üçin bolsa, köp okalmagy netijesinde, arap elipbiýindäki “F” harpynyň üçtündäki nokadynyň sürtelip aýrylmagy ýeterlikdir.Şol nokatsyz bolsa, arap hatyndaky F hem M harlaryny tapawutlandyrmak kyn,golýazma nusgalarda has mümkinem däl. Diýmek, Hindistanda şahyr Gara Seýitliewe görkezilen şol kitabyň awtory Magtymguly Myragy däl-de, Pyragy bolmaly.(N.Gullaýew.Magtymgulynyň belentligi)
“Myragy” ady bilen Hindistana belli bolan Magtymguly “Bu dünýä” goşgusynda :
“Ýüz kyrk alty müň agaç ýoldur bu dünýä” diýip, şol döwürde, dünýäniň uzynlygy hakda bar bolan maglumaty getirip, Türkmenistan bilen Hindistanyň aralygyndak ýoluň 12 müň agaçdygyny ýazypdyr.
On iki müň agaç jaýy-Hindistan,
Alty müň agaç ýol arzy-Rumystan,
Tört müň Saklap, Senjap, tört müň Zeňistan,
Göýä geçip bargan sildir bu düňýä.
Tört müň farsah Ýemen, bir müň-de Bulgar,
Zemini-Ýunan hem bolar ýek hezar,
Müň agaç ýol dagdyr döwi-merdumhor,
Anda agyp bargan saldyr bu dünýä.
Müň agaç kelim güwş, ýek dest-u ýek pa,
Bäş müň agaç Ýajuj, müň agaç sähra,
Ýedi müň agaç ýer jezire, derýa,
Müň agaç ýer ýatan maldyr bu dünýä.
İki müň üç ýüz agaç ähli-yslamdyr,
Yrak, Azerbaýjan, Müsürdir, Şamdyr,
Horasan, Fars, Bezirkuhda tamamdyr,
Ýok bolynça, galmagaldyr bu dünýä.
Magtymguly, adyň döndi Praga,
Paryg bolup, çek özüňni gyraga,
Hasap etdim dünýä başdan-aýaga,
Üç ýüz altmyş ýyllyk ýoldur bü dünýä.
Elbet-de häzirki döwre çenli döwlet araçäkleri üýtgedi we Magymguly bilen baglanyşykly bu maglumatlary anyklamak kyn düşýär. Emma bu fakt, meniň pikirimçe, käbir alymlaryň, şol sanda hem okyjylaryň ünsüni özüne çekip , ony takyk anyklamaga itergi berermik-ä düýýärin.
Indi Magtyngulynyň Hindistana gitmek baraky arzuwynyň amala aşmagyna täsir eden ýagdaýlaryň üstünde durup geçeliň. Magtymguly Orta Aziýanyň görnükli medeniýet merkezi bolan Buharadaky meşhur Gögeldaş medresesine okamaga barýar. Gögeldaş medresesinde onuň halypasy siriýaly türkmen, meşhur Nyry kazym Ibni Bahyr bolýar. Onuň ýolbaşçylygynda, Magtymguly diňe bir medresede berlen sapaklary öwrenmek bilen çäklenmän, Buhara kitaphanalaryndaky dürli ylmy edebiýatlary hem okapdyr.
Birnäçe sebäplere görä, Nury Kazym Ibni Bahyr medresäni taşlamaly bolýar. Halypasy bilen birlikde, Magtymguly hem, Gögeldaş medresesinden çykýar.
Gögeldaş medreseinden çykyp, Magtymguly, Hindistana syýahata gidýär. Rowaýatlar görä, Magtymguly 1 ýyl 3 aý Hindistanda bolýar.
Magtymguly “Terk eýleme bu mekany” diýen şygrynda, Hindistanda gezen ýerlerini aç-açan aýdýar.
‘’-Gördüm mem mekan ary
Kylmyşam Bahat Bisary
Hemra kyldym Bazyr Gäri
Ýertup , gezip Hindistany”
Magtymguly Hindistanda bolup, ýerli halkyň erkana däl ýaşaýşyny görendigini, öz gynanjyny goşgy setirleri bilen şeýle beýan edýär :
“Çyn-Maçyny goýdy zulum astynda,
Dowzah açar boldy zemin üstünde,
Hindistany ahu-zaryň kastynda
Goýup baran görüň,, pesent dünýädir.’
Magtmguly Hindistanda bolan wagtynda , ol ýeriň gözel tebigatyny dürli reňkde bezelen bag-bakjalaryny, ygmyr tokaýlaryny, ol tokaýlardaky dürli owazda saýraýan uçar guşlary adam dilinde sözleýän totysyny, ýelpegeý ganatly tawusyny, hem-de dürli gözelliklerini wasp edýär :
- Durna aýdar, uçar men,
- Bagdat suwun içer men,
- Gyş Hindistan göçer men,
- Lälezaryň içinde”
“Gitseň bar aman” goşgusynda :
-Diýdim : ‘Ýüzde allar bar’
Diýdi : “Roýda güller heý”
Diýdim: “Gumry zybandyr”
Diýdi :: “Şähdi diller, heý”
Diýdim;”Gel, sen habarlaş”
Diýdi ; “Biler , iller, heý”
Diýim “Ol ne serbidir”
Diýdi; “Inçe biller, heý”
Diýdim ; “Tawuw ne kaýdan”
Diýdi “Jany Hindistan”
Magtymguly Hindistanda pil awlaýyşlaryny hem-de ekdi pilleriň daýhançylykda hem-de ýük daşamakda , harby işlerde giň ulanlýandygyny görüpdir we hindileriň pilinden aýra düşmeginiň ulu gynançlydygyny çeper sözler bilen beýan edipdir.
- Hindi jyda düşse hemrasy pilden,
- Öten günüň , baran ýolun aňlamaz.
- Karun aýra düşse gardaş pelden.
- Gözi doýmaz, dünýä malyn aňlamaz.
Magtymguly Hindistanda bolan döwründe onuň medeniýetiniň , sungatynyň, zergärçiliginiň, nepis ýüň we ýüpek matalarynyň ýüzüme dürli nagyşlary çekmegiň ýokary derejä ýetendigini bilipdir, öwrenipdir. Olara sarpa goýulmagyny ündändir.
“Dünýe görmeý, tutgun galsa bir künçde,
Pady-paý dek ýer ýüzüne ýellim tut,
Çyn-Maçynda , Rumda, Keşirde, Hebäşde
Bolan bolmuş hünärleri bildim tut”
Hindistanda bolan wagty Magtymguly hindi gelin-gyzlarynyň keşplerini hem ünsden düşürmändir.
Hindi hallar, hindi haly , şugra halylar ýaly hal hakyndaky sözler Magtymgulynyň köp şygyrlarynda ýatlanylýar. Ol “Bizge rowana” , “Bar meniň”, “Gözel sen”diýen şygyrlarynda
“Hindi hallar gül ýüzünde şugladyr
Zar eýleýip, çeke ahym, nargadyr….”
ýa-da
“Gyzyl diýsem-gyzyl, al-diýsem – al-sen
Hindistanda şeker, Bulgurda bal sen sen
Lam elip çekilmiş bir serwidar sen
Ýusup-Züleýhanyň taýy, Gözel sem”
diýen goşgy setirlerinde, hindi aýal-gyzlarynyň gözelligini çeper beýan edýär.
Magtymguly hindi halkynyň ekerançylyk bilen meşgul bolandygyny, şeýle hem olaryň zähmetsöýerdigini şeýle wasp edýär;
“Muhtaşlygyň hakdan özge bilmese,
Ol ruzygä besdir, açdan ölmese
Hind halky dek ekin ormap bolmasa,
Patyşalyk püşeş çigne saldym tut”
Magtymgulynyň şu eserlerini giň halk köpçüligine düşnükli, arassa, türkmen dilinde ýazmasy, onuň uly hyzmatlaryndan biridir.
ХVII-ХIХ asyrlarda türki dilleriniň araplaşdyryljak bolunmagy, ýagny assimilleşdiriljek bolany taryhy faktdyr. Emma arap sözler öz yzlaryny galdyrsa-da, wagtyň geçmegi bilen ol sözler türkmeniň grammatikasyna boýun egip, türkmenleşip gidipdir.
Şahyr :
“Solduryp, baglaryň güli
Öwüsmez Hazasyň ýeli.,
Zakgun boldy arap dil
Hindi owazy oýanmaz’
diýen bendinde, tukat, hasratly zamandan zeýrenýär. Hindi halkynyň diliniň edebi dil bolmandygyny gynanç bilen belleýär.
Magtymgulynyň Hindistan barada goşgy setirlerini ýaznagyna diňe onuň bu ýurtda bolmagy däl, eýsem, özünden öň Hindistanda ýaşap geçen türkmen şahyrlarynyň eserleriniň täsirleri hem ulydyr.
Magtymgyly pars dilindäki şygyrlaryň ussady, Hapyz Şiralynyň eserlerini öwran-öwran okapdyr.Hapyzdan görelde alyp, onuň gazallaryna jogap, nezire ýazmaga synanyşyk edipdir.
Nezire –jogap däbi şahyrdan güýçli zehini, ýiti akl-paýhasy, giň dünýägärňş talap edopdir. Bu däbiň orta asylarda rowaçlanmagy, onuň diňe bir pars dildäki edebiýätda däl, türki dilli edebiýatda hem ýaýramagyna sebäp bolupdyr.
Hindistanda ýaşan türkmen şahyry Baýram hanyň we onuň döredijiliginiň hem Magtymgula ýeten bolmagy mümkin.
Beýik akyldar şahyr M,agtymgulynyň döredijiligi köp taraplydyr, onuň baý döredijiliginiň aýry-aýry temalaryna degişli birnäçe ylmy işler ýazyldy. Beýik akyldaryň döredijiligi aňyrsyna-bärsinene gözýetmäýän ummana çalym edýär. Oňa näçe çuň aralaşdygyňça, Magtymgulynyň beýikdigine , ägirtdigine şonça-da köp göz ýetirýärsiň.
Orazgül Berdiýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler
Barde hindi hallar diyip birzat yokmyka diyyan ol şol Türki Şirazynyñ halyna aytyamyka diyyan sebabi Hafiz oz gosgysynda seyle yatlap gecyar (eger ol Türki şiraza biziñ ýüregmizi alsa, Hindi halyna bagyş edeýin samarkandy buharany) diyya goşgusy fars dilinde a men bolsa turkmenca owurup yazaydym sondan manasy yitdi onson ondan son Saib Tebrizi oz gosgysynda seyle yatlap gecyar ( eger ol Türki Şirazy biziñ ýüregmizi alsa, Hindi halyna bagş edeýin başy eli teni aýagymy, Zat bagyşlaýan adam öz zadyndan bagyş etýä, Hafiz ýaly Samarkandy Buharany bagş edenok) diyip yazya onson Şähriýar oz gosgusynda yenede bulary yatlap gecip seyle diyya ( Eger ol Türki Şirazy biziñ ýüregmizi alsa, Hindi halyna bagyşlaýyn ähli ruhumy tenimi, her kim näme bagyş etse erkek yaly bagyş eder, Ne Ol Saib yaly başy eli teni aýagy berer, Başy eli teni aýagy gabyra bagyş etýäler, Ähli ýurekleri alan Türki Şiraza dälde) diyip yazya eger Fars dile düşünýan bolsan bularyn setirleri yaman ajayyp owadan yazylan men yone turkmenca owurenim ucin manasy yitdi.. aslynda ol Türki Şirazynyñ hindi halynyñ üsdinde 12 asyr bäri dawa gitýa Fars şahyrlaryn arasynda sebabi her bir şahyr onki bagyş edilenlerdenem has kopüräk zat bagyş edesi gelya ..Meniñ pikirimçe Magtymguly hem şol hindi haly ýatlaýamyka diyyan gyzlaryñ dalde sebabi bu adam ahli gosgularyny Allah hakda yazan gyz hakda dalde .. men oz tejribam boyunca aytsam men Magtymgulyn kop gosgularyny yat tutdym şonda agşam yatanymda birzatlar gelip meni oyaryady turan badymada Magtymgulyñ gosgysy dilime gelip aydyp baslayadym bu dine mende dal mennen basgada 2 oglanda yuze cykan men sonda bilip galdym beyik şahyryñ gosgylarynda bir keramatyñ barlygyny eger ol Allahdan basga zat hakda yazan bolsa onun gosgularynda hic hacan beyle keramat bolmayady diyip pikir etyan