Ösüşleriň ygtybarly binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz gurujy, dörediji, ösen aň-düşünjeli nesil terbiýeläp ýetişdirmek ýoly bilen öňe barýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda bilim ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmegiň baş şerti bolup durýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek işleri “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna”, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy”, “Elektron resminama hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda alnyp barylýar. Şoňa baglylykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary, orta, ýörite orta, ýokary bilim mekdepleri iň ösen tehnologiýalar, multimediýa enjamlar, elektron kitaphanalar bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin, ilkinji nobatda, Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu işe olar doly taýýarlanylýar. Şu jähtden ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrylmagy maksat edinýär işler toplumlaýyn alnyp barylýar. Diýarymyzyň bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmegi çaltlandyrylýar. Şeýle hem bilimiň ähli derejeler üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory döredilýär. Olar ýörite tok arkaly elýeterli  üpjün edilýär. Ýurdumyzyň bilim  ulgamyny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri ulanylyş mümkinçiligini yzygiderli giňeltmek netijesinde bilim edaralarynda bilim bermegiň mazmunyny baýlaşdyrmak, ruhy gymmatlyklarymyz, milli terbiýäni hem-de ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak giň gerimli işleriň esasy ugrudyr. Çünki häzirki döwürde ýaşlara berilýän bilimiň mazmuny, hili köp babatda döwrebap intelektual mümkinçilikleriň derejesinde kesgitlenýär.

Bilim ojaklarynda döredilýän sanly bilim portaly elektron poçta, resminama, uzak aralykdan dürli hili bäsleşikleri, maslahatlardyr forumlary özünde jemleýär. Şeýle hem elektron kitaphanadaky kitaplardan, gollanmalardan, sözlüklerden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Her bir bilim edarasynyň elektron maglumat çeşmesine birikmegiň elýeterligi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna hem-de kämilleşmegine netijeli täsirini ýetirýär. Okuwçylaryň, talyplaryň mugallymlaryň wagtlary tygşytlanylýar, energiýa çykdajylary azalýar. Ulanyjylaryň okamagy, işlemegi üçin gerek bolan ähli mümkinçilikler döredilýär. Biz söz bilen aýdanyňda, sanly bilim tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk, ygtybarlylyk düşünjeleri bilen berk baglanşyklydyr.

Bägül RAHMANBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok