Garaşsyzlyk! Bu mukaddes sözde kalbyňa ganat berýän güýç bar. Garaşsyz Türkmenistan! Ýüregiňi joşdurýan bu sözler eziz Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň azatlygynyň, erkinliginiň, özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy bolup, 1991-nji ýylyň güýzünde taryhyň täze sahypasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy biziň bagtly durmuşymyzyň şamçyragy bolup, asmanyň nurly Güni deý türkmen ilini özüniň ýyly mährine çoýdy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen ilkinji elýetmez höziriniň ekologiýa bilen bagly bolandygyny ýadyňyza salyp görüň! Ol Türkmenistany tutuş gazlaşdyrmak syýasaty bolupdy. «Mawy ýangyjyň» hem-de «gara altynyň» gorlary babatda Ýer togalagynda iň öňdäki orunlarda durýan Türkmenistan hut Garaşsyzlygyň beren bagtyna daýanyp hem guwanyp, sanlyja ýylyň içinde tutuş oba-şäherleri tebigy gaz bilen üpjün etmegi başarypdy. Şeýle mysallary näçe diýseň uzaldyp bolar. Olaryň hemmesini bu ýazgylarymyza sygdyrmak mümkinem däl.
Garaşsyzlygyň eçilýän nygmatlary, özygtyýarlylygyň höziri halkymyzyň ýüregine ajaýyp owaz bolup girýär. Erkinligiň owazy gül Diýarymyzyň gujagynda hem gursagynda, her bir ynsanyň köňül köşgünde ýaňlanýar. Ol owaz her dogan Günde-de, her bir açylan täze gülde-de, her daragtyň ter ýapragynda-da mylaýym ýaňlanyp dur. Ol ýakymly owaz ata Watany söýmek, onuň Garaşsyzlygyna tüýs ýürekden guwanmak hem buýsanmak bagtyndan döreýän ajap aýdymlarda, şirin mukamlarda dowam edýär.
Arslan KUWANDYKOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler