Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanşygy 226 esse artdy

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy we Türkiýe Aşgabatda ilçihana açan ilkinji ýurt boldy. Türkiýe döwleti Türkmenistany Garaşsyz döwlet hökmünde ykrar eden ilkinji ýurtdyr.

Iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklar 1991-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Ankarada gol çekilen Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasy bilen ýola goýuldy. 1992-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdary 7,5 million dollar bolan bolsa, 2021-nji ýylda bu görkeziji 226 esse artyp, 1,7 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlary TRT AVAZ türk teleýaýlymyna salgylanyp oirent.tm ýetirýär.

Maýsa GELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok